Türkiýede ýük ulagy bilen ýolagçy awtobusynyň çakyşmagy netijesinde 11 adam pida boldy, 27 adam şikes aldy. Bu barada wakanyň bolan ýeri Manisa ülkesiniň gubernatorynyň metbugat gullugy habar berdi. Habarda awtobusdaky ýolagçylaryň ählisiniň ýurduň öz raýatlarydygy, ejir çekenleriň golaýdaky hassahana ýerleşdirilendigi aýdylýar. Ýol-ulag hadysasy ýerli wagt bilen sagat 11:11-de awtobus Akhisar şäheriniň awtobus menzilinden ýola düşende boldy. Ol Bursa şäherinden Egeý deňziniň kenarýakasyndaky Izmir şäherine barýardy diýip, TASS ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→