10-njy oktýabrda Moskwa wagty bilen takmynan sagat 20:00-da Ýerde başlanan magnit tupany soňky üç aýda iň güýçli diýlip yglan edildi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasyna salgylanýan «rbc.ru» habar berdi. «Soňky gezek şeýle derejedäki magnit harasaty 2026-njy ýylyň 4-nji iýulynda hasaba alyndy» diýlip, habarda bellenýär. Geomagnit tolgunmanyň sebäbi Ýere hepdäniň başynda ýeten Gün plazmasynyň buludy boldy. Ady tutulan laboratoriýanyň çaklamagyna görä, geomagnit meýdanyň tolgunma ýagdaýy ýene bir gije-gündiz saklanyp biler. Magnit tupanlary bäş ballyk ulgam boýunça ölçenýär: G1 pes harasaty, G2 — ortaça, G3 — güýçli, G4 — örän güýçli, G5 — adatdan daşary. Ýokary derejeli tupanlarda energiýa ulgamlarynyň, hemra nawigasiýasynyň we radioaragatnaşygyň işinde bozulmalar döräp bilýär. Düýn G3 derejeli magnit tupanynyň tamamlanandygyny RF-niň Tejribe geofizikasy institutyna salgylanýan TASS habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→