COVID-19 ýokanjy döwründe hasaba alnan ylma ynam soňky ýyllarda pese düşdi. Ol aýratyn hem maliýe kynçylygyny başdan geçirýän adamlaryň arasynda gowşady diýip, jemgyýetiň ylma bolan gatnaşygyny öwrenýän «Wellcome Global Monitor» kompaniýasynyň barlaglaryna salgylanýan «Bloomberg» agentligi habar berdi. Ylmy barlaglara dünýä boýunça 140 müňden gowrak adam gatnaşdy. 2025-nji ýylda ylma ynam bildirip, pikiri soraşylanlaryň 72 göterimi çykyş edipdi. 2020-nji ýylda bu görkeziji 80, 2018-nji ýylda bolsa, 77 göterimdi. Täze ylmy barlaglar saglyga howplara garşy göreşmäge päsgel berýän galp habarlaryň we dildüwşük teoriýasynyň ýaýramagy bilen baglylykda geçirildi. Käbir ýurtlarda ylmy edaralar syýasy basyş hem-de maliýeleşdirmegiň ýetmezçiligini-de başdan geçirýärler diýip, «Bloomberg» ýazýar.