Türkmenistanyň ýygyndy topary 18–24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada geçiriljek «Aichi–Nagoya 2026» V Aziýa Para oýunlarynyň çäklerinde para pauerlifting boýunça ýaryşlara gatnaşar. Milli ýygyndy toparyň düzümine Işkuwwat Çaryýew, Sergeý Meladze we Maýagözel Ekeýewa girýär. Öňde boljak ýaryşlar türkmen türgenleri üçin möhüm tapgyr bolar. Olar halkara arenasynda öz güýçlerini, sport ussatlyklaryny we ýeňşe bolan erklerini görkezmäge mümkinçilik alarlar. Para pauerlifting türgenlerden diňe bir ýokary fiziki taýýarlygy däl-de, eýsem ünsi jemlemegi, berk tertip-düzgüni we psihologik durnuklylygy hem talap edýär. Aziýa Para oýunlary yklymyň dürli ýurtlaryndan maýyplygy bolan türgenleri bir ýere jemläp, paralimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we deň mümkinçilikler ýörelgesiniň öňe sürülmegine ýardam edýär. Bu ýaryşlar öz gazananlary bilen başgalara görelde bolýan, maksada okgunlylygyň we yhlasly zähmetiň kynçylyklary ýeňip geçmäge hem-de ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigini görkezýän türgenleriň üstünliklerine hem ünsi çekýär. Türkmenistanyň ýygyndy topary oýunlarda Milli paralimpiýa komitetiniň howandarlygynda çykyş eder. Bu ýaryşlar Watanymyza mynasyp wekilçilik etmek, paralimpiýa sportuny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Türkmenistanyň halkara derejesindäki sport abraýyny pugtalandyrmaga goşant goşmak üçin möhüm mümkinçilikdir.