Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň dolandyryş kafedrasynyň mugallymy Nýu-Delidäki Hindistanyň Döwlet dolandyryş institutynda (HDDI) geçirilen halkara okuw seminaryna gatnaşdy. Çäre Hindistan Respublikasynyň ITEC maksatnamasynyň çäginde geçirildi diýip, Döwlet gullugy akademiýasynyň saýtynda habar berilýär. «Menejmenti ösdürmek maksatnamasy» diýlip atlandyrylan okuw 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda geçirildi. Oňa 35 ýurtdan 36 hünärmen we menejer gatnaşdy. Okuw we amaly sapaklar doly iňlis dilinde alnyp baryldy. Diňleýjiler strategik pikirlenmegi we karar kabul etmegi, çylşyrymly guramaçylyk ýagdaýlarynda maglumatlary derňemegi, töwekgelçilikleri öňünden çaklamagy, ýolbaşçylyk we aragatnaşyk başarnyklaryny, toparlardaky çaknyşyklary dolandyrmagy hem-de gepleşikleri geçirmegi öwrendiler. Aýratyn bölümler sanly media we döwlet syýasatyna, şeýle hem döwrebap sanly tehnologiýalaryň döwlet dolandyryşyna, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyga we maglumat howpsuzlygyna ýetirýän täsirine bagyşlandy. Gatnaşyjylar diňe bir möhüm leksiýalary diňlemän, eýsem, HDDI-niň amaly merkezine we Hindistanyň parlamentiniň binasyna hem baryp gördüler. Şeýle hem olar üçin Agra şäherine medeni gezelenç guralyp, ol ýerde myhmanlar «TäçMahal» mawzoleýini synladylar. Habarda bellenilişi ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda ylym we bilim ulgamynda tejribe alyşmagy berkitmäge ýardam edýär, alnan bilimler bolsa ýurtda döwlet gullugy ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de bilim we usulyýet işlerini gowulandyrnak üçin peýdalanylar.