Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi ýurtda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy. Bu barada TDH habar berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda halkara saglyk merkezleriniň açylyşy boldy Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwrüň içinde Aşgabat şäherinde we ýurduň sebitlerinde döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar we derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulýar, saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär, innowasion çemeleşmeler we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda halkara saglyk merkezleriniň açylyşy boldy Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desganyň açylmagy Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→