Isle, men barayyn, hala bize gel, Bir keypine, iki-agyz söze gel... Diymeris biz "Indi kimiñ gezegi?" Maña tapawudy... Saña parhy yok. "Dost-dostuñ aynasy"- ähli zat äshgär! Bular uzagyndan bolsady, käshgä.. Yürek bir bolanda, päk duyga dushyar- Maña tapawudy... Saña parhy yok. Sen meni sylayañ, men sarpa goyyan, Sen muny añyansyñ, men muny duyyan. Bilmeyän bize "Siz doganmy?" diyyär- Maña tapawudy... Saña parhy yok. Biri bize bir bütewi bagt goysa, "haysyñ alsañ, alay!" diyip, nagt goysa... Biz ony des-deñje böleris, eysem- Maña tapawudy... Saña parhy yok... Bilip bolmaz, bir gün bütin dert berse, "siz nätseñiz-sheydiñ!" diyip shert berse, Yaryn men alaryn, yarysyny sen- Maña tapawudy, Saña parhy yok... Shuncha yashap, göz yetirdik bir zada, Dostlukda kanun yok, bar gowy kada. ...Gerekmi?! Urarys suwa hem oda- Maña tapawudy, Saña parhy yok! Awtory: Annamuhammet Kirshenow

Köneler, Bayramsoltan tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir