Esselämualeýkim musulman doganlar we dostlar. Belki namaz öwrenjekler bardyr Geliñ musulman doganlar bildigimizden namaz öwredeliñ bilmeýänlere, her kim öz bilýänini ýazsa belki öwrenerler. Ilki namazdan öñdäkileri aýdyp geçeliñ! täretiñ parzlary 1. Ýüzi bir gezek ýuwmak. 2. Iki eli tirsekleri bilen bilelikde bir gezek ýuwmak. 3. Ba$yñ dörtden birini mesh etmek ýagny eliñi ölläp ba$yñy sypamak. 4. Iki aýagyñy topuklary bilen bir gezek ýuwmak. gusluñ parzlary 1. Agzyñ içini ýuwmakdyr: agzyñ içinde di$leriñ arasyna we gowagyna suw girmese gusul ýerine gelmez ýagny gusl bolmaýar. Munuñ üçin di$leriñ arasynda we gowagynda suw geçirmeýän zat bolsa arassalamalydyr. 2. Burny ýuwmakdyr: burundaky gury kirleriñ a$agyna suw geçmese gusl bolmaýar. 3. Bedeniñ hemme ýerini ýuwmakdyr: göbegiñ içine, murtuñ, ga$yñ we sakalyñ a$agyndaky derileri ba$daky saçlary ýuwmak parzdyr. Dyrnaklarda, dodakda we göziñ gabagynda ýada bedeniñ bir ýerinde suw geçirmeýän madda bar bolsa gusl berjaý bolmaz.

Köneler, Yzganttm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir