dashoguz shaheri hakynda biraz maglumat yetirmekci (wikipediyadan peydalanyldy) :) türkmenistanyň demirgazyk bölegindäki daşoguz welaýatynyň merkezi şäheriniň adydyr. demirgazyk ykdysady raýonyn iň uly senagat, ulag, medeniýet we durmuş, administratiw merkezidir. ilat sany - 227 184 adam. (2009) türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda, şabat kanalynyň iki ýakasynda ýerleşýär. türkmenistanyň paýtagty aşgabada daşlygy - 546 km, garagalpagystanyň paýtagty nöküse çenli 76,6 km, özbegistanyň horezm welaýatynyň merkezi şäheri ürgenje bolsa 80 km daşlykda. şäherde demir ýol wokzaly we aeroport ýerleşýär. aeroport şäherden 10 km daşlykda. gyzykly bolan zat, 1998. 5nji sentyabrynda h5 metroid gacdy. belli adamlaryndan: saudulla rozmetow turkmenistanyn gahrymany, (2011 yogalan) amanow mesgen, grossmeyster kushutci, dowletyar hojayew sssr-in halk artisti, shaherde durli zawod fabrikler ishleyar şäheriň resmi adynyň gelip çykyşy "dädem gorkut" eposynda ady geçen daş oguzlardan gelýänligi bellenilýär. irki döwür oguz taýpalary iç oguz we daş oguzlar diýilýän iki şahamça aýrylýardylar. şäher 1681-nji ýylda hiwa hanlygynyň çäklerinde süýji suw guýuly kerwensaraý we gala hökmünde gurulýar. daşkent begliginiň merkezi. 1920-nji ýylda horezm halk respublikasynyň düzüminde türkmen oblastynyň (welaýat) merkezi. oktýabr 1924-nji ýylda türkmenitan ssr-nyň düzümine girýär. 1992-nji ýylda "ташауз" bolan rus dilindäki ady "дашховуз" diýip üýtgedildi. 1999-njy ýylda türkmenistanyň ilkinji prezidenti saparmyrat niýazowyň teklibi netijesinde şäher "daşoguz" diýip täzeden atlandyryldy.

Köneler, magnit tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir