Halk arasynda şeýle rawaýat bar.1900-njy ýylda general Kuropatkin Gökdepe galasynyň harabalygyny görmek üçin baranmyş. Şol ýerde otyran bir gojadan: -Gala goralanda näçe adam öldi?-diýip soranmyş Ol hem: -Üç adam-diýip jogap beren. Kuropatkin goja öz soragyna düşünen däldir öýdüp, birnäçe müň adamyň heläk bolanny özüniňem görendigini, gojadan anygyrak maglumat eşitmekçi bolýandygyny aýdypdyr. Onda goja: -Men ýanaralyň soragyna düşindim, ölen adam köp boldy, ýöne olaryň üçüsinden başgasyny biziň aýallarymyz eýýam dogyrdy.Şol üç adamy welin indi hiç aýal dogryp bilmez. Kuropatkin şol üç adamyň kimdigini soranmyş. Halk arasynda gojanyň sanan atlary dürlüçeräk aýdylýar, a kä ýerlerde 5-6 da ýetýär..... ...Hormatly agzalar belki siz hem şu barada eşden, okanlaryňyzy aýdarsyňyz?
Gökdepe hakynda
-
AHAL
12 years ago
- hany doss jogabyny paylashda.
-
idealman92
12 years ago
- megerem ol adamlar shol dowurde gokdepe galanyn goragynda mertlerche soweshen adamlardyr
-
Matrisa
12 years ago
- Dykma serdar, Amangeldi Gönübek (sazanda), Gurbanmyrat işan
-
sahett
12 years ago
- inim tikenekläp gitdi manyly aydylan söz
-
nohurlyagza
12 years ago
- birinji uruşda 5000 ýaragly nohur atlysy kömege gelýär. Ikinjide iýran şasy bilen urşmaly bolansoň gelip bilmeýärler. ýöne 3 sany pälwan ugradypdyr nohurlar.
nohurhan, nokerguly we hankuruj dagylar. şol üçüsi hakynda aýdannyr.
-
ArslanchikCool
12 years ago
- Nohurlyagza sen aydyan adamlañ at-abrayda Dykma Serdar, Gara Batyr, Magtymguly Handan gechipdir-dä onda?!?!..Näme uchin taryh yazgylarynda sholan ady gechmeyaray?? Onam aydyp biljekmi??
-
nohurlyagza
12 years ago
- ay öwunip yöremizokda şondan bolaýmasa.
-
ArslanchikCool
12 years ago
- Shol wagtyn alymlary Gokdepani owüp nohurlary yuka gorenok..olar dine bolanja zatlary yazyp giden adamlar
-
sawyer
12 years ago
Dykma serdar, Amangeldi Gönübek (sazanda), Gurbanmyrat işan
Matrisa | 2012-02-09 20:45:01
ýalňyşýarsyňyz, matrisa! bu zatlary anyk bilmeseň, beýdip ýazmaly dälmikä diýýän. Dykma serdar bilen Gurbanmyrat işan Gökdepe urşundan birnäçe ýyl geçenden soň aradan çykýar. Meniň pikirimçe we okan birnäçe çeşmäme salgylansam, wepan bolan şol üç gerçek: 1. Amangeldi Gönübek (sazanda); 2. Gara batyr; we 3. Orazmämmet han bolmaly. Sebäbi, bu şehitleriň üçüsi hem gökdepe urşunda wepat bolýar.
-
sawyer
12 years ago
wepan bolan
wepat bolan
-
sawyer
12 years ago
birinji uruşda 5000 ýaragly nohur atlysy kömege gelýär. Ikinjide iýran şasy bilen urşmaly bolansoň gelip bilmeýärler. ýöne 3 sany pälwan ugradypdyr nohurlar.
nohurhan, nokerguly we hankuruj dagylar. şol üçüsi hakynda aýdannyr.
nohurlyagza | 2012-02-09 21:29:08
Nohurly agza dost, gaty görme welin, bir zat aýtmalymyşyn diýilse, aýdyp goýberäýýäň. Hany seň munyňda çeşme beýleki ýokmy? Seň bu agzan üç pälwanyňy şu ýerdäkileriň senden başgasy birinji gezek eşidýär. Dogrudanam, ýok adamlaryň adyny nirden eşitjek diýsene... :) Onsoňam, nohurlar 3 sany pälwan ugradypdyrlar diýip, sen näme olary toýa çagyrýaňmy? Has anygrak aýdanymda, nohurlar ol pälwanlaryny gökdepä toýa göreş tutmaga iberipdirlermi? Urşa batyrlar (gara batyr), serdarlar (dykma serdar), hanlar (nurberdi han, orazmämmet han) gatnaşmaly dälmi, nohur dost? Pälwanyň uruşda näme işi bar? Aldasaňam, ynanar ýaly edip alda, dost jan!
Aslynda nohurlar barada türkmen taryhynyň hiç ýerinde agzalmaýarmyka diýýän. Meniň ýadyma düşýäni ýeke-täk, ilkinji türkmen magaryfçysy (ilkinji mugallym, bilim işgäri) Muhammetguly Atabaýew. Ol beýik türkmen lideri Gaýgysyz Atabaýew bilen dogan okaşypdyr. Ynha, bu beýik adam barada öwünip bilersiň. Ýöne, diňe bu barada, ýagny Muhammetguly Atabaýew barada.
-
sawyer
12 years ago
ay öwunip yöremizokda şondan bolaýmasa.
nohurlyagza | 2012-02-10 01:09:23
şunça öwüneniňi hem azrak görýäň öýdýän. :)
-
sukomoto
12 years ago
- nohur ballym ine şu mowzukda saňa degişli zatlar bar, oka lezzet al!
oka we lezzet al
-
mirasymyz
12 years ago
- Sawyer dost, ol uchlik nohurlyagzan agzanlary dal bolsa gara batyr, chopan kir, amangeldi gonibeg bolaymasyn. Men yalnyshmasam shular diyip bilyadim.
-
Patron
12 years ago
- Men eshitdim
-
sawyer
12 years ago
Sawyer dost, ol uchlik nohurlyagzan agzanlary dal bolsa gara batyr, chopan kir, amangeldi gonibeg bolaymasyn. Men yalnyshmasam shular diyip bilyadim.
mirasymyz | 2012-02-10 02:28:48
Miras halypa, Çopan kir gökdepe urşundan birnäçe ýyl öň bir söweşdemi, ýa awa gidendemi wepat bolýar. Men bir kitapdan okapdym, emma doly ýada düşenok. (Nesip bolsa, bu barada hökman bir tema açjak).
Ol üçlük nohurly agzanyň aýdanlary bolmaga haky ýok. Ol diňe öz nohurlaryny sokýar, hamana gökdepe urşundan diňe şol üç nohur beýlekilerden has artyk batyrlyk görkezipdirler diýip. Mundan beterem bir ýalan bolarmy? Adamlaram diýmeli diýse, diýip goýberäýýäler, bolýarda ýöne. Şu nohurly agza düşünemogaý walla. Geçen gezegem Kesearkaç romanyny alyp, "men şu romanyň dowamyny ýazaýynmy?" diýip, soran bolýar. Romany tutuşlygyna elektron görnüşe geçirip, azap eden kim, mugt ýerden abraý aljak bolýan kim?! Dogru-da walla.
-
sawyer
12 years ago
Men eshitdim
Patron | 2012-02-10 02:34:21
eşiden bolsaň, aýt, diňläli?!
-
mirasymyz
12 years ago
- Hay Sawyer dost, nohurlyagza biz beletlay. Kop tema girip ozuninkileri owup chykyar. Men oyun edip diydimlay, nohurly agzan aydanlary bolmasa diyip.
Sawyer dost bir soragym bardy. Tachgok serdar utamyshmy ya-da togtamysh? Tekelen haysy tiresindenk-a? Eger mumkin bolsa jogap bersen!
-
nohurlyagza
12 years ago
- namow klasdaşlaryňyzy sanap çykypsyzyň. birinem tanamok. men kassaşlarymy ýazsam tanarsyzyňmy?
şol üç pälwan barada aýdylanny ýüregm duýýa, siz bilmersiňiz ony. öwüniberiň.
Şol üç adamy welin indi hiç aýal dogryp bilmez.
-
dilya87
12 years ago
- Merdan beydip gyzyklandyranyña görä ol 3adamyñ kimdiginem ýazaý indi
-
1merdan
12 years ago
Tachgok serdar utamyshmy ya-da togtamysh? Tekelen haysy tiresindenk-a? Eger mumkin bolsa jogap bersen!
mirasymyz | 2012-02-10 03:49:49
Teke-utamyş-syçmaz-aksupy-gyýyr-alasakgal-alajagöz
-
1merdan
12 years ago
Merdan beydip gyzyklandyranyña görä ol 3adamyñ kimdiginem ýazaý indi
dilya87 | 2012-02-10 04:24:04
ýok
-
nohurlyagza
12 years ago
- urşy pälwanlar edýä hanlar däl.
bir territorýada munçada han bormaý, nirin hany?
Tachgok serdar, nurberdi han, orazmämmet han, garoglan han, magtymguly han, garry han, murruk han, polat han, gowşut han... hemmesi bir döwurde ýaşan diýýäle how.
ýa hemme esger hanmyka?
-
nlo
12 years ago
- bu yere seredin şol üç gahryman kim bolardy heyde taryhdan okan zatlanyz yadyna düşenokmy? men takmyn edip göreyin urşda galan gorayjysy dur dur bagyşlan hany berdimyrat han helak bolyar.name şol gahrymanyn ady permanyn babasynyn dosty ady gara batyr dy öydyan yalnyşmasam olam gahrymanlarça helak bolyar.belki bu perman romanyndada agzalyardy beyle adamlar indi döremez diyip üçinji adam dogrusy meninem taryhym gowy dal erbet.bolsa şular yaly adamlar bolmasa hiç kim başga yerlerden supermenleri dykmalyn. gayrat edelin nohurlyagza senin beyle milletçil yok tire-taypaçyldygna ine men sana telpek goyyan tüweleme.
-
1merdan
12 years ago
Çopan kir gökdepe urşundan birnäçe ýyl öň bir söweşdemi, ýa awa gidendemi wepat bolýar. Men bir kitapdan okapdym, emma doly ýada düşenok.
.....Bir gün germaw galasyna sary alamana gidermen bolyp, ýola çykýarlar welin, Çopanyň aty ömründe etmeýänini edip, düz ýerde büdüreýär. Çopanyň şonda birhili göwnüne güman gidýär. Emma onda-da töweregine syr bermän, atyny sürüberýär welin, gara daglaryň dereleriň dereleriň arasynda Nepesdurdy işan diýilýän bir agzy dogaly, halatly adam onyň ýolyny kesip: “Batyr, sen şu gün ýolyňdan gaýt. Men öten agşam erbet düýş gördüm” diýýär. Onda çopan kirem: “Işan aga ajal bilen sebäbiň arasy näçe bolar?” diýýär. O-da “Bolaýsa, bir aý, kyrk gün çemesi bolar” diýip, jogap berýär. Onda Çopanam: “Meniň şu gün süňňim bir zat syzýan ýaly. Ajaldan gaçyp, gutylyp bolmaz. Goý, hamana, şol kyrk gün günem bolmadyk eken-dä” diýip, atyny öňe sürüberýär.
Düýş hakykatdanam oraşan çykýar. Şol sebäpden Çopan dagynyň edeni tersine bolýar. Soňabaka bilmezlikdenmi ýa ozal hudaýyň buýrygymy-nämemi olar biri-birine sanjyp ugraýarlar. Netijede, şol gezek Germaw galasyna alamana gidenleriň içinden ýalňyz bir adam yzyna dolanýar.
Şeýdibem, Çopan kiriň mazary gara daglaryň arasynda galýar.....
Çopan kir 19-njy asyryň başlarynda ýaşap geçenligi hakda aýdylanyny kän okadym, emma anyk senäni men dogrysy okamadym entägä(belki men az okaýandyryn)
-
1merdan
12 years ago
- Orazmämmet han hakynda
Orazmämmet han uzakdan görüji, parasatly syýasatçy bolypdyr. Ol ruslar bilen urşmagyň garşysyna çykyş edipdir. Maslahatda:
-Ýurt kasam bilen goralmaýar, ýarag, top bilen goralýar. Orslar güýçli, diňe ilaty gyrgyna bereris-diýipdir. Ony ruslara satylan dönük atlandyrypdyrlar.”Orslara garşy urşy Orazmämmet han bilen Hanmämmet atlygyň kellesini almakdan başlamaly” diýipdirler. Ol ikisini ruslara garşy uruşjakdyklaryna ilkinji bolyp Gurhandan ant içmäge mejbur edipdirler. Şonda gahary gelen Orazmämmet han:
-Akmak halk, men özümiň akmaklygym üçin däl-de, seniň akmaklygyň üçin ant içýärin. Sen ölüp bilýän bolsaň, menem ölerin-diýipdir.
we şol söweşde ölen
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagjabol Merdan, Tachgok serdar baradaky chakymyz dogry eken. Orazmammet han bilen Chopan kir hakynda yazanlannada sagjabol.
-
nohurlyagza
12 years ago
- eyhew, näma 3 sany pälwany sananm bilen milletçi bolyanmy? 3 sany pälwany hasap etmeýänler näme onda? olar näme?
-
1merdan
12 years ago
- nohur dost gowymy, teswirleriň üçin sagja bol...
..Zamahşary diýen alym araplayň ýurdynda bir depä çykyp, "geliň araplar öz taryhyňyzy menden öwreniň" diýip gygyranmyşyn"
senkem şoňa barýamy ýa göwnimemi, gažaň baýryna çykyp"türkmenler geliň taryhy menden öwreniň" diýersiň belki
aý zyýany ýok bilmeýän bolsak öwrenäýeris Nohur dost(Zamahşary bolmak aňsada däl bolsa gerek)
-
turkmenntug
12 years ago
- zamahşary öwredip bolup .ýene öwrenjegiň bolsa -diýip gygyrypdyr ...
-
metehangokdepe
12 years ago
- Nohurlyagza sen adamlan ichini yakjak bolyan. Arkayn bol bizin ichimizi yakyp bilmersin sayta syrtyny surata dushirip goyanda da
-
nohurlyagza
12 years ago
- towgyňkyny iýmesene ondo.
-
turkmenntug
12 years ago
- degmäň şu nohura :D
-
Yegen
12 years ago
- Gowy maglumatlar 1merdan, sag bol, yetirip dur dost! Arhiwime guzurt goni, sohranit etdim, gerek bolar
-
nohurlyagza
12 years ago
- sagbol turkentug şu gunler zanit man. üç san gelenjäni yrdym zanit gaty iş bilen. biraz pul ýetmejek bola, özlerinden alaman.
-
makgush
12 years ago
- Ohow nohur bamyñaý senem?:-)
-
Yzganttm
12 years ago
- Nohurly agza $u soñky teswiriñi nohurça gürlediñ öýtýän birhili dü$ünmedim menä:-D
-
Yzganttm
12 years ago
- Merdanjan köp köp sagbol agam Tañyrýalkasyn!!!
Biziñ özümizem gökdepeli bolanymyz üçin mekdepde köp okardyk bu barada:-)
handsome1 12 years ago- mena esitmandim. Yone bilmek oran gyzykly. Kim olar? Ozun bilenokmy?