Salam talyplar comyñ agzalary! Öz shahsy meseleleriñ barada ýazmak birhili bolsada, öz ýalan söýgimi siziñ bilen paýlashaýyn diýdim. Hawa, men onuñ bilen, bile okaýardym. Ine bir günem oglanlar degishjek bolupdyrlarmy ýa bashka zatmy bilmedim? Olar meñ adymdan "söýgi hatyny" ýazyp, ol gyza söýýänligim barada aýdypdyrlar. Meñ bu barada habarym ýokdy, aý garaz sheýdip hat baryny ýazypdyrlar. Ine bir günem meñ bilen ol gyzyñ halashýandygy barada mekdepde her-hili gürrüñler ýaýrap bashlady. Mende ol gyza bolan söýgi ýokdy, emma... eýýäm boljagy bolansoñ söýmeýänligim barada aýdyp ol gyzyñ göwnüne degesim gelenokdy. Inede okuwymyzy tamamlap her-kim öz welaýatlaryna gaýtdylar. Men onuñ bilen diñe telefonda habarlashýardym, sheýdip bu ýalan söýgi 1 ýyla çekdi. Bir günem ol maña, öýündäkiler ony durmusha çykarjak bolýandyklaryny aýtdy-da, maña sheýle diýdi: "men seni ýatdan çykaryp bilemok, sensiz oñamok, gaýrat etde meni alyp git" diýdi-de telefony goýdy. Wah! men bu zatlaryñ shu derejä barjagyny bilen bolsam, hakykaty aýdardym... Ol maňa häli-şindi jaň edýär, emma näme diýjegimi bilmän onuň jaňyny alamok! Hany siz aýdyň! Indi men näme edeýin? Bilýän, köpiniz meni gunäkär hasaplamagynyz mumkin? Ýöne indi gicdä!

Köneler, Clasic tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir