littil
Oňarsaň bar zady oňatlyga yor.
Oňarsaň,
bar zady oňatlyga ýor.
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün dogar,
Ikibaşdan, gunbatarda gün ýaşar.
Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler,
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
...
Kijikgeje.........
hemmäňize salam, gowumy ýagdaýlaryňyz sagaman işläp-okap ýörsiňizmi. menem gowy ýöne gowam däl, gaty gowy. meniň oglan jigim boldy, ýagny doganymyň oguljygy. menem begenjimi hemmäňiz bilen paýlaşasym geldi.
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
hemmäňize salam. meniň gowy görýän goşgularymyň biri.
gaññalyñ boýunda-tejende galdy
meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ
okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy
meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ
bir ýandan uruşdy,bir ýandan hasrat
hasrat bolçylykdy,hezillik gahat
şol ýowuz ýyllara gelipdi g...
Altyn-asyr.
hemmäňize salam. meniň bir soragym bar bilýän bolsaňyz jogap ýazaýyň, sizden haýyş edýän. alty-asyryň gudoguna nädip aýdym goýmaly, we aýdymy nädip saýlamaly? jogabyňyza garaşýan.
25- goşgy.
hemmäňize salam. 25-maýam geldi hemmäňiziň wagtyňyz gowy geçmegiňizi we okuwy ýa-da ýok.okuw. gutarýanlarada egzaminda üstünlik dileýän. menem bir goşgujyk ýazaýyn diýdim.
bir obada, bir mekdepde ulaldyk,
klasdaş oglanlar, klasdaş gyzlar.
şeýdibem 10-ýyllap biz bile bolduk,
klasdaş oglanlar, klasdaş gyzlar.
...
Sizden kömek soraýan.
hemmäňize salam. men näme etjegimi bilemok maňa maslahat beriň. meniň gelnejemiň jigisi bar, jigisine meni sorap geljek bolýalar. muny gelnejem aýytdy. ol oglan menden 5-ýaş uly. özem moskwada zawoşni okap ýör. olaryň maşgalasam gaty gowy ýöne köp zadlaryny halamok, mysal üçin olar gelinlerini kän hiç ýerik göýwerenoklar, göýwerselerem şafýorlary ä...
Ejemjana.........
hemmäňize salam. nesip bolsa az wagytdan meniň ejemiň doglan güni. ejemjen saňa bu dünýäde ähli owadan zatlary arzuw edýän. heý bu dünýäde ejeden beýik, ejeden eziz, ejeden gymmatly zat barmyka. men günde ýatjak bolamda ejemi gujaklap, ogşap soň ýerime geçýän, eger ejem menden öň ýatsa ýanyna baryp ýüznden ýuwaşja ogşap gaýytýan. men kä wagyt oturu...
Hekaýa...
hemmäňize salam. gadym zamanlarda bir patşa bar eken. bu patşa aragy gowy görýän eken. günlerde bir gün patşa hemme wezirlerini ýanyna çagyryp, "kim meniň aragymy taşladyp bilse ýarty baýlygymy şoňa berýän" diýipdir. bir wezir nädip taşlatmaly diýip pikirlenip barýarka derwezesi açyk jaýa gözi düşýä. bu howlyň içinde bir owadan gelin bir ýere sered...
Degişme
salam men size bir degişmejik aýdaýyn. biriniň ýekeje lälijek gyzy bar eken . ejesi b/n kakasy gyzlaryny lälik saklapdyrlar. aýlar,ýyllar geçýä gyz ulalýar,ýöne gyz ýalta bolýar. ejesi bilen kakasy gyzyny işledip bilenoklar. bir günden bir gün bularyň kellesine bir pikir gelýä. bular maslahatlaşyp gyzymyzy utandyraly, özünden bilip işlär diýip kara...
Salam
salam men birinji gezek zat ýazýan.men siziň bilen tanyşanyma örän şat.