Koenigsegg superkary owal Rimac tarapyndan täzelenen rekordyny gaýtaryp aldy
Şwesiýanyň meşhur Koenigsegg giperkar öndürijisi duran ýeriňden 400 km/sag tizlige ýetmekde we soňra tormoz basyp doly durýança geçýän aralyk boýunça rekord goýandygyny görkezýän wideo çykardy. Diňe bir aý ozal bar bolan rekordy Rimac Nevera elektrik awtoulagy täzeläpdi, ondan öňki üstünligem Koenigsegg-e degişlidi.
Germaniýanyň Papenburg aý...
Haýsy elektromobiliň beýlekilerden has çalt zarýad alýandygy anyklandy
P3 maslahat beriş topary P3 Charging atly gözlegiň netijelerini çap etdi — bu ABŞ-da iň köp ýaýran elektrik ulaglaryň batareýasynyň zarýad alyş tizligi boýunça amaly synagyny göz öňünde tutýar. Premial Lucid Air absolýut lider boldy, ýöne has arzan Kia EV6 aralyk dalaşgärlikde ýeňiji boldy.
Elektrik ulaglary üçin esasy synag Electrify Americ...
Tesla Cybertruck şu tomusda Täze Zelandiýada gyş synaglaryny geçirýär
Tesla Cybertruck-iň prototipi uçar bilen Täze Zelandiýa getirildi. Electrek neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu ýurtda iň soňky gyş synaglaryndan geçer.
Öňler Tesla gyş synaglary üçin ýerli meýdançalary ulanýardy. Täze Zelandiýada gyşyň iýun-awgust aýlary aralygynda dowam edýändigini bellemelidiris. Iýul iň sowuk aý hasaplanýar.
Tesla, es...
Werstappen Kanadanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
"Red Bull" toparynyň sürüjisi Maks Werstappen "Formula-1" çempionatynyň sekizinji tapgyry bolan Kanadanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy.
Ikinji orunda "Haas" toparyndan germaniýaly ýaryşa gatnaşyjy Niko Hýulkenberg ýerleşdi, üçünji orny bolsa "Aston Martinde" çykyş edýän ispaniýaly Fernando Alonso eýeledi.
Esasy ýaryş...
Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy
Counterpoint analitik kompaniýasynyň hasabyna görä, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da elektromobil satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 79% ýokarlandy, bu hem ABŞ-a Germaniýadan öňe geçip, dünýäde ululygy boýunça ikinji elektrikleşdirilen awtomobilleriň (nusgawy elektromobiller we birikdirilýän gibridler) bazaryna öwrülmäge...
Mersedes-Benz ChatGPT bilen ses kömekçisini synap başlady
Mersedes-Benz ChatGPT neýroulgamy arkaly ses kömekçisiniň mümkinçiliklerini giňeltmegi göz öňünde tutýar we bu barada Microsoft bilen eýýäm ylalaşdy. ABŞ-da bu kompaniýa MBUX media ulgamly awtoulagyň islendik eýesiniň birigip biljek täze kömekçisi üçin beta-synag prosedurasyny işe girizdi.
Kompaniýa dil modeliniň emeli aňly elementleriniň bi...
Hytaý bir gezekde uçurylan hemralaryň sany boýunça hususy rekordyny täzeledi
Hytaý 41 sany kiçi hemrany, hususan-da, Jilin-1-i orbita üstünlikli uçuryp, birbada birnäçe kosmos enjamyny orbita bir gezekde uçurmak boýunça hususy rekordyny täzeledi. Bu barada Hytaýyň Aerokosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasyna salgylanyp, TASS habar berýär.
Maglumatlara görä, uçuryş CZ-2D raketasynyň kömegi bilen ýurduň demirgazygyndak...
Toyota 2026-njy ýylda 1 müň km ýol ätiýajy bolan elektromobilleriň hataryny işe girizer
Ýaponiýanyň Toyota Motor kompaniýasy 2026-njy ýylda täze nesliň doly elektrik awtomobilleriniň (BEV) hataryny işe girizer. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.
2030-njy ýylda kompaniýa 3,5 mln elektromobil satmagy göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde maý aýynda açylan we BEV önümçiligine ýöritele...
Täze Toyota Alphard awtoulagynyň daşky görnüşi dolulygyna görkezildi
Toyota konserni “Alphard” mikroawtobusynyň täze neslini diňe 21-nji iýunda hödürlemegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, “AutoHome”-iň habaryna görä, geljekki täze ulagyň daşky görnüşi indi gizlin däl: Hytaý bazary üçin mahabat wideosy taýýarlananda ogryn suratçylar Alphardy surata düşürmegi başardylar.
Toyota Alphard radiatoryň monumental gö...
«Samsung» smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
2023-nji ýylda «Samsung» kompaniýasy 230-dan 240 milliona çenli smartfonyny satyp biler, bu meýilleşdirileninden 40-30 million birlik azdyr. Bu barada «PhoneArena» seljeriş neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«PhoneArena» neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, «Samsung» heniz hem dünýäde iri smartfon öndüriji bolmagynda galýar we bu ugurd...
Apple iPhone X bilen Apple Watch Series 3-i resmi taýdan könelen diýip yglan etdi
Apple kompaniýasy WWDC23 tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde iOS 17, iPad OS 17, macOS 14 Sonoma we watchOS 10 operasion sistemalaryny anons etdi. Şonuň bilen birlikde haýsy gurluşlaryň täzelenmä eýe boljakdygy, haýsylarynyň eýe bolmajakdygy belli boldy. Häzirki iPhone, iPad, Mac we Apple Watch-yň doly sanawyny Rozetked neşiri çap etdi diýip, gazet...
Reuters: Neuralink-iň bahasy 5 milliard dollara ýetdi
Ilon Maskyň Neuralink neýrotehniki kompaniýasynyň bahasy, adamyň beýnisine çip ornaşdyrmak boýunça kliniki synaglary geçirmek üçin rugsat alandan soň, 5 milliard dollara barabar boldy. Bu barada Reuters agentligi çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Olaryň maglumatyna görä, başlangyjyň bahasy, 2021-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, 3...
Apple ilkinji Vision Pro VR-garniturasyny hödürledi. Onuň bahasy 3,5 müň dollar
Apple her ýyl işläp taýýarlaýjylar üçin geçirilýän Worldwide Developers Conference (WWDC) konferensiýasynda ilkinji giňeldilen hakykat äýnegi — Vision Pro bilen tanyşdyrdy. Çäre göni ýaýlyma korporasiýanyň YouTube-daky resmi kanalynda goýberildi.
Garnitura goşundylaryň dolandyrylyşyny goldaýar, hakykatyň üstünde sanly giňişlik döredýär. El h...
Volkswagen kompaniýasy Volkswagen Golf R 333-iň çäkli nusgasyny hödürledi
Volkswagen Golf R-iň “Golf R 333” diýlip atlandyrylýan täze wersiýasy çäkli — 333 nusgada öndüriler. Trend agentliginiň berýän habaryna görä, bu sport hetçbegi 333 at güýjüne eýe bolar we hatda tanyşdyrylan wagty hem nemes wagty bilen sagat 3:33 geçdi.
Golf R 333, edil Volkswagen-iň Golf R 20 Years Edition modeli ýaly, 2.0 TSI hereketlendiri...
Crew Dragon kosmiki gämisi syýahatçylar bilen Atlantik ummanyna üstünlikli gondy
Crew Dragon kosmiki gämisi ekipažy bilen Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) 9 günlük täjirçilik uçuşyndan soň Ýere üstünlikli gaýdyp geldi diýip, Axiom Space-iň web sahypasyna salgylanyp, Trend habar berýär.
SpaceX kosmos gämisi HKS-den aýrylandan takmynan 12 sagat soň atmosferanyň dykyz gatlaklaryna girdi. Bäş ýarym kilometr belentlikde Crew...
Mask Twitteriň adyny üýtgetmekçi bolýar
Amerikaly telekeçi Ilon Mask özüniň Twitter sosial ulgamynyň adyny üýtgetmek baradaky meýilnamasyny tassyklady. Penşenbe güni ol degişli makalany bu sosial ulgamda ýerleşdirdi.
Portal T (w) itter Daily News ozal Maskyň soňky söhbetdeşliginde aýdan sözlerine salgylanyp, telekeçiniň geljekde işiniň giňelmegi sebäpli sosial ulgamyň adynyň «X» b...
Porsche kompaniýasy logotipini täzeledi
75 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Porsche kompaniýasy geraldiki galkan görnüşinde döwrebaplaşdyrylan nyşany bilen tanyşdyrdy. Üýtgeşmeleriň birbada göze ilmeýändigine garamazdan, dizaýnerler we marketologlar üç ýyl bäri onuň üstünde işleýärler. Galkanly nyşanyň awtoulaglarda ulanylmagy şu ýylyň ahyrynda başlar.
Kompaniýa täze galkanyň in...
BAE 2028-nji ýylda asteroidleri öwrenmek üçin planetara stansiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär
Birleşen Arap Emirlikleriniň Kosmos agentligi 2028-nji ýylyň mart aýynda Mars we Ýupiter orbitalarynyň arasynda ýerleşýän esasy asteroidler zolagyna MBR Explorer planetara awtomatik stansiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada interfax.ru habar berýär.
“MBR Explorer-iň uçurylyşy 2028-nji ýyla meýilleşdirilen, zond asteroidler zolagyna tar...
Dubaý jemgyýetçilik ulaglaryny 2050-nji ýyla çenli ekologiýa taýdan arassa etmegi meýilleşdirýär
Dubaýyň Ýol we ulag edarasy (RTA) emirlikdäki ähli jemgyýetçilik ulaglarynyň 2050-nji ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagyny göz öňünde tutýan strategiýany kabul etdi. RTA-nyň habar berşi ýaly, strategiýa kömürturşy gazy zyňyndylaryny 10 mln tonna azaltmaga we häzirki görkezijiler bilen deňeşdirilende tas $9 mln tygşytl...
Tesla Model Y dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy
2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Tesla Model Y elektromobili ähli awtoulaglaryň arasynda dünýäde iň köp satylan model boldy. Bu barada “The Verge” neşiri habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Maglumatlara görä, ilkinji üç aýda Tesla dünýäde 267 müň Model Y satdy, bu bolsa geçen ýylyň başyndaky satuwdan 69% köpdür. Ikinji orunda 256,4 müň...