Lexus kompaniýasy öý enjamlaryny öndüriji Monogram bilen bilelikde pizza peji bilen enjamlaşdyrylan awtoulagy işläp düzdi diýip, Flighter habar berýär. Öndürijileriň pikiriçe, Lexus Monogram GX hakykata öwrülen ulagdyr. Ol kerpiç pejine meňzeýän 30 dýuýmlyk Monogram Smart Flush Hearth elektirk peji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol elde ýasalyp, awtoulagyň goş salynýan ýerine gurnalandyr. Onda diňe pizza däl, eýsem çörek, çörek önümleri we beýleki tagamlary hem bişirip bilersiňiz. Peçden başga-da, ulagyň içinde sowadyjy, doňduryjy, buz pressi, bokal salmak üçin gap we bukulýan stol bar. Ulagyň gapylarynda gap-gaçlar üçin tekjeler bar. Içi gyzyl agajyň elementleri bolan mämişi we gara reňkdäki hakyky deriden edilendir. Lexus Monogram GX 10 basgançakly awtomatiki herekete geçiriji guty we 349 at güýjüni öndürýän 3,4 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Awtoulagyň bir nusgasy bar we häzirki wagtda Kolorado ştatynyň Aspen şäherinde ýerleşýär. Awtoulag, 14-16-njy iýunda ABŞ-da geçirilen Food & Wine Classic sergisinde görkezildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir