Toyota 2024-nji model ýylynyň özünden öňküden has kuwwatly we ýeňil bolan täzelenen GR Yaris awtoulagyny hödürledi. Model eýýäm şu tomus Ýewropada satuwa çykarylar. Toyota GR Yaris 2024 280 at güýjüni berýän 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisi, şeýle-de 6 basgançakly mehanika ýa-da sekiz basgançakly awtomat GAZOO Racing Direct bilen üpjün edildi. Salonda täze sanly enjam paneli oturdyldy. Model has berk kuzow, has çydamly asgyç we birnäçe hereket režimli hemişelik doly herekete getiriji bilen tapawutlanýar. Alyjylara özboluşly dizaýna, eksklýuziw hereket režimlerine we salonda kontrast tikine eýe bolan ýörite wersiýalar Ogier Edition we Rovanpera Edition hem hödürlenýär.