Apple bazardaky bar bolan modellerden tapawutly boljak ilkinji eplenýän iPhone Fold smartfonyny satuwa çykarmaga taýýara meňzeýär. Seljeriji Jeff Pu-nyň berýän maglumatlaryna görä, täze iPhone-da Huawei Mate Xs 2-ä meňzeş görnüşde daşyna tarap eplenýän 7,9 dýuýmlyk OLED ekrany bolar diýip, Gizmochina ýazýar. Öň Huawei tarapyndan ulanylan bu tehnologiýa has inçe we has ýeňil korpusy öz içine alýan birnäçe artykmaçlygy hödürleýär we munda ikinji ekrana zerurlyk ýok. Üstesine, eplemek arkaly esasy kamerany selefi üçin ulanyp bilersiňiz. Emma daşa eplenýän dizaýny ulanyjylardan seresaply bolmagy talap edip, çünki ekrana zeper ýetmek howpunyň ýokarlanýandygyny bellemelidiris. iPhone Fold-yň 2026-njy ýylda, iPhone 18 bilen bir wagtda bazara çykmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, 20,3 dýuýmlyk eplenýän ekranly MacBook-yň çykmagyna garaşylýar. Eplenýän MacBook-yň takyk çykjak wagty entek belli däl, ýöne käbir çeşmeler onuň köpçülikleýin önümçiliginiň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlap biljekdigini aýdýarlar, emma käbirleri 2027-nji ýyldan soň çykaryljakdygyny çaklaýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir