Microsoft korporasiýasy Xbox Games Showcase tanyşdyrylyşyny geçirip, diňe bir özüniň täze oýunlaryny däl, eýsem üçünji tarap oýun çykaryjy kompaniýalaryň taslamalaryny hem hödürledi. Bu barada Meduza habar berýär. Tanyşdyrylyş klassyky we innowasion ideýalary utgaşdyryp, oýun muşdaklara ýakyn ýyllar üçin oýunlaryň baý toplumyny sowgat etdi. Doom: The Dark Ages, id Software studiýasyndan seriýanyň täze bölümi oýunçylary hyýaly orta asyrlara iberer. Oýunçylar diňe bir adaty ýaraglary däl, eýsem dişli galkanlary ulanyp, dowzah nägehanlary bilen söweşip, şeýle-de uly söweş robotlaryny dolandyryp bilerler. Reliziň 2025-nji ýylda bolmagyna garaşylýar. Call of Duty: Black Ops 6, Activision-dan şuteriň täze bölümi oýunçylary SSSR dargandan soň 1990-njy ýyllaryň başyna getirer. Işläp düzüjiler gyzgalaňly içaly trillerini wada berýärler. Reliz 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabryna meýilleşdirilen. S.T.A.L.K.E.R. 2: Heart of Chornobyl 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda çykar. Oýun ukrain dilinde ses beriş we iňlis dilindäki subtitrler bilen treýler hödürledi. Beýleki anonslaryň arasynda: Gears of War: E-Day: Gears of War-yň Markus bilen Domuň ilkinji duşuşygy barada gürrüň berýän prikweli. Reliziň senesi yglan edilmedi. Fable: soňky bölümi 12 ýyl mundan ozal çykan meşhur seriýanyň täzeden çykarylmagy. Bu oýunlarda oýunçynyň köp hereketleri gahrymanyň daşky keşbine täsir edýär. Mysal üçin, eger ýaramaz hereketleri etseň, şah ösüp bilýär. Oýnuň relizi 2025-nji ýyla meýilleşdirilen. Indiana Jones and the Great Circle: Indiana Jons barada ekşen bolup, 2024-nji ýylyň ahyrynda çykar. Metal Gear Solid Delta: Snake Eater: Metal Gear Solid 3-üň remeýki, reliziň senesi belli däl. Perfect Dark: birinji bölümi 2000-nji ýylda çykan şuteriň gaýtadan çykarylmagy. Reliziň senesi yglan edilmedi. World of Warcraft: The War Within: Blizzard Entertainment studiýasyndan WoW üçin täze goşundy, ol 2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda çykar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir