Londonyň Prince Charles kinoteatry ssenarisi emeli intellekt ChatGPT 4.0 tarapyndan ýazylan "Iň soňky ssenarist" (“Последний сценарист”) filminiň dünýä premýerasyny ýatyrdy. Bu çözgüt, kinoteatr tomaşaçylarynyň adam däl-de, AI ulanylmagy baradaky teswirleri bilen baglanyşyklydyr diýip, The Guardian habar berýär. Kinoteatryň işgärleri: "Filmiň reklamasyndan soňky 24 sagadyň dowamynda görkezilen nägilelikler, tomaşaçylarymyzyň köpüsiniň ssenaristiň ýerine emeli intellektiň ulanylmagy barada aladalanýandyklaryny görkezdi" -diýdi. Film şweýsar režissýory Peter Luizi tarapyndan surata düşürildi. Filmiň sýužeti emeli intellekt bilen baglanyşyklydygyr. Meşhur ssenaristiň - baş gahrymanyň durmuşy "emeli intellektiň üsti bilen ssenariý ýazmagyň kynçylyklaryna duş gelende" tersine öwrülýär. Wagtyň geçmegi bilen, gahryman AI-iň diňe bir öz başarnyklaryna laýyk gelmän, eýsem üstün çykýandygyna göz ýetirýär. Režissýor: “Meniň pikirimçe, adamlar taslama barada ýeterlik derejede bilenoklar. Munuň, "bütinleý emeli intellekt bilen ýazylan ilkinji filmdigini" eşidýärler we derrew gahar-gazaplaryny bize gönükdirýärler. Eger ssenaristler filme tomaşa etmek üçin wagt tapsalar, surata düşüriş prosesini okasalar, olaryň bizi ýazgarjakdygyny göz öňüne getirip bilemok, sebäbi men olaryň biri... Bu biziň umumy işimize goşantdyr "-diýdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir