10-njy iýulda Galaxy Unpacked çäresinde çykmagyna garaşylýan Samsung Galaxy Watch 7 we Watch Ultra akylly sagatlary baradaky jikme-jiklikler internetde peýda boldy. Bu habary meşhur onlaýn habarçy Paras Guglani 91mobiles.com çeşmesi bilen bilelikde çap etdi. Maglumatlara görä, Galaxy Watch 7-niň bahasy 299 dollardan 310 dollar aralygynda bolar, bu bolsa öňki Galaxy Watch 6-ň bahasy bilen deňdir. Model üç reňkde bolar: çal (Marbal Grey), ak (Cream white) we ýaşyl (Forest Green). Premium model hökmünde çykyş edýän Galaxy Watch Ultra, Samsung-yň Apple Watch Ultra berjek jogaby bolar. 47mm wersiýanyň bahasy 699 dollardan 710 dollar aralygynda bolar, bu bolsa Apple Watch Ultra 2-den (799 dollar) arzan. Watch Ultra Titanium Gray (çal) reňkde elýeterli bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir