Porsche kompaniýasy "Welcome To Porsche Conquest" programmasyny işe girizdi we islendik Porsche kysymly bolmadyk ulagdan täze Taycan-a geçýän müşderilerine 4500 dollar hödürleýär. Ilki bilen bu maksatnama Tesla Model S-iň eýelerine gönükdirilendir - nemes öndürijisi şeýdip olary öz tarapyna geçirmäge synanyşýar diýip, Carscoops belleýär. Teklip 2024-2025-nji model ýyllarynda goýberilen Taycan-a degişlidir. Öwezini doluş pulunyň mukdary häzirki ulagyň şertnamasynyň galan möhletine baglydyr. Porsche modeli Taycan-a Tesla Model S kimin bäsdeşlerine garanda has özüne çekiji etmek maksady bilen, birnäçe täzelik girizdi. Taycan-nyň güýçli görnüşi - opsional ýeňilleşdirilen Weissach bukjada elýeterli 1092 at güýji bolan Turbo GT. "Welcome To Porsche Conquest" programmasy diňe ABŞ-da elýeterlidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir