Huawei kompaniýasy özüniň emeli aň ulgamyny – Harmony Intelligence-i hödürledi. Ol täze HarmonyOS NEXT operasion sistemasyna giriziler. Bu barada IT Home neşiri habar berýär. Tanyşdyrylyş Dunguanda (Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýaty) geçirilen işläp düzüjileriň konferensiýasynda – Huawei Developer Conference 2024-de boldy. Harmony Intelligence birnäçe funksiýalary hödürleýär. Emeli aňyň kömegi bilen suratlary redaktirlemek: suratlardan obýektleri aýyrmak, olaryň reňkini üýtgetmek, suratlaryň ölçegini sazlamak bolar. Ses kömekçisi görüşi pes bolan ulanyjylar üçin şekili suratlandyryp biler. Kömekçi has çylşyrymly ýumuşlary-da ýerine ýetirip bilýär, mysal üçin, bar bolan önümleriň esasynda nähili tagam taýýarlap boljakdygyny aýdar. Täze OS-da emeli aňyň kömegi bilen ses dikeldiş funksiýasy-da peýda bolar. Ol sözleýiş bozulmalary bolan ulanyjylara kömek eder. Sistema tekst bilen hem işläp, hatyň stilini kämilleşdirmäge kömek eder, makalalaryň tekstlerini aýdyp berer we elektron poçtadan hatlaryň daýjestini döreder. Harmony Intelligence funksiýalarynyň 2024-nji ýylyň ahyrynda elýeterli bolmagyna garaşylýar. Belläp geçsek, emeli aň funksiýalarynyň köp babatda meňzeş bukjasyny ozal Apple hödürläpdi. Sistema Apple Intelligence adyny aldy. Ol iOS-y we beýleki operasion sistemalary has akylly etmäge gönükdirilendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir