Computex 2024 sergisinde MSI kompaniýasy M.2 formatynyň maglumat ýygnaýjylaryny gurnamak üçin innowasion çözgüt hödürledi. Görnüşi boýunça wideokartasyna meňzeýän M.2 Xpander-Aero Slider Gen 5 giňeldijisi kompýuteriň korpusyny açmazdan iki sany M.2 22110 SSD-ni gurnamaga mümkinçilik berýär diýip, ITHome habar berýär. Maglumat ýygnaýjylar komýuter korpusynyň arkasynda ýerleşýän enelik platanyň PCI şinasyna birikdirilen M.2 Xpander-Aero Slider Gen 5-e gurnalýar. M.2 Xpander-Aero Slider Gen 5 ýokary maglumat geçiriş tizligini üpjün edýän PCI 5.0-y goldaýar. Bu çözgüt ulanyjylara kompýuteri sökmezden SSD-ni aňsatlyk bilen goşmaga ýa-da çalyşmaga mümkinçilik berip, ulgamy döwrebaplaşdyrmak prosesini çaltlaşdyrýar we has amatly edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir