Ford kompaniýasy ýaryş üçin ýörite döredilen täze Mustang GTD Carbon Series-i hödürledi. 800 at güýjünden gowrak kuwwatly, 5,2 litrlik turbo görnüşli V8 bilen enjamlaşdyrylan täze model Mustangyň iň ýyndam modifikasiýasy boljakdygyny wada berýär. Kompýuter simulýasiýasyna görä, Performance Mustang GTD bukjaly Mustang GTD Carbon Series “Nýurburgringiň” “Demirgazyk aýlawyny” ýedi minutdanam az wagtyň içinde geçmäge ukyply bolup, bu bolsa ony taryhda iň ýyndam Ford edýär. Mustang GTD-iň öňdebaryjy inženeri Greg Gudall “Nordşlýaýf”-da üstünlik gazanmagyň dolandyryjylyk, tormoz ulgamy we badyny gataltma ýaly ähli ugurlarda kämillik talap edýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Mustang GTD-iň ösüşi hut şu ýörelgelere esaslanyp gurlandyr. Mundan ozal kompaniýa “Nýurburgringde” bu awtoulagyň synaglaryndan wideo ýazgylary çap edipdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir