NVIDIA çip öndürijisiniň bazar bahasy iki günde 200 mlrd dollardan gowrak peseldi. Bu barada Bloomberg habar berýär. Netijede, kompaniýa dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň sanawynda üçünji orna düşüp, öňdebaryjylygy Microsoft bilen Apple-e berdi. NVIDIA-nyň paýnamalary 21-nji iýunda geçirilen söwdanyň dowamynda 2,42% ($127,62 çenli) arzanlady, kompaniýanyň bazar bahasy bolsa 3,167 trln dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde, Microsoft-yň paýnamalary 0,69% ($448,81 çenli) ýokarlandy, kompaniýanyň bazar bahasy bolsa 3,337 trln dollara ýetdi. Apple-iň paýnamalary 210,36 dollara çenli ýokarlandy, ösüş 0,32% boldy. Kompaniýanyň bazar bahasy 3,24 trln dollara barabar. AJ Bell-iň maýa goýum müdiri Rass Mold NVIDIA-nyň paýnamalarynyň pese gaçyşynyň kompaniýa meseleleri bilen baglanyşykly däldigini, onuň fond bazarynyň adaty üýtgemeleriniň netijesidigini belleýär. Bloomberg bahalaryň peselmeginiň fýuçers we opsion şertnamalaryň köpüsiniň möhletiniň gutarýan döwründe amerikan bazarynyň umumy pese gaçyşynyň esasynda bolýandygyny belleýär. Şu hepdäniň başynda NVIDIA dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolupdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir