Xbox Games Showcase çäresinde Microsoft Xbox Series X we Xbox Series S oýun konsollarynyň birnäçe täze wersiýasyny hödürledi. Täze önümleriň arasynda optiki priwodsyz sanly model bolan ak Xbox Series X hem bar. Ol 1 TB SSD bilen enjamlaşdyrylan we bahasy 450 dollar. Şeýle hem kompaniýa, Galaxy Black Special Edition täze reňkli 2 TB SSD-li Xbox Series X-i hödürledi. Bu görnüş, çäklendirilen mukdarda elýeterli bolup, 600 dollara satylar. Täze 350 dollarlyk ak Xbox Series S, öň bar bolan gara modeliň ornuny tutar. Xbox-yň ähli täze wersiýalarynyň satuwynyň Täze ýyl möwsüminde başlanmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir