Lexus Aston Martin Vantage we Mersedes-Benz AMG GT bilen bäsleşjek täze V8 bilen işleýän superkary çykarmagy meýilleşdirýär diýip, ITHome habar berýär. Bu awtoulag rowaýata öwrülen LFA-nyň ruhy mirasdüşeri bolar we 2022-nji ýylda Toyota tarapyndan açylan GT3 GR konseptine esaslanar. Prototipi eýýäm Spa-Frankorşam trassasynda synagdan geçirildi we 2026-njy ýyldan başlap “Le Manyň 24 sagady” ýaly, GT3 ýaryşlaryna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär. FIA-nyň kämilleşdirme düzgünlerine laýyklykda, seriýaly çykýan awtoulag ýaryşa gatnaşýan görnüşine meňzeş kuzow dizaýnyna eýe bolmalydyr. Şeýle bolansoň, Toyota ýakyn iki ýylda Lexus brendi astynda GT3 GR-nyň önümçilik wersiýasyny çykarar diýlip garaşylýar. Takyk tehniki aýratynlyklary entek aýdylmasa-da, awtoulagyň kuwwatynyň 500-600 at güýjüne eýe bolmagyna we agramynyň 1300 kilograma ýetmegine garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir