Ýuta uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary ultrases arkaly işjeňleşdirilýän nanodamjalary ulanyp, derman serişdelerini maksatly ýerine eltmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Bu usul, dermanyň zyýanly täsirlerini azaldyp, işjeň maddany keseliň ojagyna göni eltmäge mümkinçilik berýär. Amerikaly alymlar tarapyndan işlenip düzülen nanodamjalaryň diametri 470-550 nanometr bolup, iki gatlakdan: gidrofilden (daşky) we gidrofobdan (içki) durýar. Nanodamjanyň içinde dermanyň molekulalary bilen garylan gidrofob perftorugleroddan ybarat özen bolýar. Nanodamjalary işjeňleşdirmek üçin ultrases ulanylýar. Ses tolkunynyň täsiri bilen suwuk perftoruglerod gaza öwrülýär, ol nanodamjanyň gabygyny sozup, onda öýjükleri emele getirýär. Şol pursat derman nanodamjadan çykýar-da, zeper ýeten dokuma düşýär. Usulyň täsirliligi maýmynlarda synag edildi. Derman serişdelerini degişli ýerine eltmegiň täze usuly, ruhy we newrologiki sökelleri hem öz içine almak bilen, dürli keselleri bejermekde ulanylyp bilner. Alymlar bu usul işjeň maddanyň dozasyny azaldyp, bejergini has ygtybarly we täsirli eder diýip bellediler. Barlagyň netijeleri Frontiers in Molecular Biosciences žurnalynda çap edildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir