Apple kompaniýasy Apple ID hasaba alyş hyzmatynyň rebrendingi hakynda habar berdi. Hyzmatyň täze ady - Apple Account eýýäm iOS 18, iPadOS 18, macOS Sequoia we watchOS 11 operasion ulgamlarda işjeň ulanylýar. Bu barada MacRumors habar berýär. Bellenilişi ýaly, bu üýtgeşmeler ulanyjynyň bar bolan maglumatlaryna daýanyp, Apple enjamlarynyň we hyzmatlarynyň ählisine bir görnüşdäki girişi üpjün eder. Muňa garamazdan, Apple ID häzirlikçe käýerlerde, mysal üçin, web sahypalarda ulanyja hasaba girilende saklanyp galdy. Apple Account-a doly ýagdaýda güýzde - iOS 18-iň çykmagy bilen tamamlanmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir