Dostum, agşam ýataňda nepesiňi düzüw tut,
Päkizele ruhuňy, bes et etsem-petsemiň.
Bulut basan beýniňi gohly dünýe deý unut
Hem kalbyňdan çykaryp taşla ähli hesretiň.

Belkem, agşam eneň pakyr girer seniň düýşüňe,
Belkem, agşam ataň pakyr seniň düýşüňe girer.
Gije ertä barýan ýoldur, galdyr derdiň düýnüňe,
Bil, agşamyň haýryndan ýagşy erte geljek şer.

Sen päkize sähere barmalysyň päkize,
Netiň-päliň düz bolsun, bol sen her zada taýyn.
Belkem, agşam düýşüňe humaý gözli gyz girer.
Belkem, Hudaý buýrugyn alyp geler Ezraýyl.

Nobatguly REJEBOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir