Bilýäňmi, men hemme zatdan beter nämä gynandym?
Indi saňa aýtjak sözlerimiň gury boljagy, indi seniň göwnüňi awlap biljek sözlerimiň ýokdugy — gutarandygy gynandyrdy meni...
Şol pursat meniň aýtýanlarym dogram bolsa, seniň muňa beýle garamazlygyň öz pikirlerime bolan şübhe döretdi. Çünki seni öz çyn we dogry sözlerim bilenem ynandyryp bilmändim. Mundan başga maňa näme etmek galýar?! Bilmedim, mundan beýläk maňa durmuşda nämeler garaşýar...
Men gaty gynandym, seniň öňüňde erbet adam bolup galanyma, saňa kellagyry bolup galanyma...
Seni her ýöreýän ädimleriň üçin ýigrendim, seni şeýle ýigrenji, bagtsyz adam diýip ýigrendim, şu uly dünýä agram salyp gezýäniň üçin men seni şeýle ýigrendim. Men şu sözleri gynanyp ýazyp otyrkamam seni ýigrendim, özem şeýle bir ýigrendim.
Şu hatlary her gezek gaýtadan okap, ýüregimiň duraýjak mahaly men seni şeýle bir, şeýle bir ýigrendim...
Hawa, men seni, ine, şu hatlar üçin şeýle bir ýigrendim. Özem şeýle bir!..

Özüňi ýigrenip, öz-özüňe şu hatlary ýazmak nähili agyr!..


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir