Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!
Giňiş guragymy daraldyp, talap,
Umytlarmy ýenjip çalajan eýlän
Bir zybagözeli galaýdym halap…

Kyýamata galmasyn, goý, bu kasas,
Hasaplaş, söýgimden başgasyn al-da!
Törden orun aldym (begenmelimi?..)
Ýanan aşyklaryň maşgalasynda.

…Emen süýdüm çig-dä meňem,
Şoň üçin
Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!
Ýazan takdyryňa bolmadym kaýyl.
Razy etjegime gözüm ýetirsem,
Hormatly myhmanym bolsun Ezraýyl!

Bolşum — paradoks,
Häsiýetim — çigin.
Yş gözleýän günortany gündiziň.
Garaňkylyk gözläp ýörün gijeler,
Ysyna zar bolup tämiz gül gyzyň.

Kalbyma dözüm ber, iňlemesin ol,
Ýakyn görünmesin bärimden aňrym.
Ynam ber,
Umyt ber.
Ýöne öňürti
Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!..


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir