Ömrümden yzda galdym,
Gitdi ýyllar öňürdip.
Bir topar sorag galdy —
Jogaplary gümürtik.

Diýdim ýördüm özüme:
“Entek ýaşdyr, çagadyr...”
Şeýdip näçe ýyllary
Boş geçirdim, bigadyr.

Alysdady menzilim,
Ýetmäge ýetişmedim.
Bir gara göz goýnunda,
Bilýän, köpräk düşledim.

Ge:rdi bütin jahany
Imisala saklasym.
Myradyma ýetmedim,
Kemter boldy yhlasym.

Ele aljak dünýämiň
Özüm elinde galdym.
Ýetmän iliň ýüregne,
Kiçi dilinde galdym.

Aýaklarmy ýöretmän,
Göwünimi ýüwürdip,
Men juda yzda galdym,
Ömrüm gitdi öňürdip.

Mätgurban Mätgurbanow

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir