Dünýä gelip az çekmedim hasraty,
Agladym,
eňredim,
güldüm,
oýnadym.
Kä doglan günüme okap lagnaty,
Kä şol güni dostlar bilen toýladym.

Durmuş geçdi ýowuz sapagyn maňa,
Başymdan inderip müň bir oýnuny.
Göz ýetirdim: adam ölmeýär
diňe
Başga kişä goýup gidýär ornuny.

Ajal yzymyza düşüp ýör biziň
Hem saýlap, ýagşyny aparýar ilki.
Ýaman bilen işem ýok-la, deregne
Ýamany ýaratmak kyndyr-da, belki.

Men näçe ýakynym, ýadym ýitirdim.
Gelen gidýär,
Gidýär galdyryp arman.
Ýöne duşmandan-a mert eken ajal,
Ol gelmeýär eken bir nyşan bermän.

Ajal gelse, birniň gyýgy ajaýar,
Dilinden bal damýar,
Sözünden asal.
Paýlap gutarmanka mährini ile
Ony bir gün alyp gidýär şum ajal.

Ajal gelse, birniň labzy süýjeýär,
Gargynýar,
sögünýär,
käýinýär,
ýanýa.
Ölüm howsalasy abanan çagy,
Diýmek, ol kimligin aýdýar bu dünýä.

Ýene biri dumly-duşa hars urup,
Ýygyp-ýygnap, dokuzyn düz edende,
Ölýär gidýär.
Diýýär oňa il bolsa:
— Arman, hözirin-ä görmedi bende.

Ajal aýlanyp ýör yzymyz çalyp,
Ol hiç kimden alanok seň salgyňy.
Ýöne onuň duşmanyňdan bir parhy:
Mertlik bilen alýar adam ogluny.

Nobatguly REJEBOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir