AKTÝOR
Ýyldyzlar gijäniň sazyny çalýar.
Kerlik höküm sürýär.
Eşidenok hiç kim.
Ol saz ýüregiňi howsala salýar,
Eden hataň üçin ahmyra giç deý.
Görýänleriň düýş deý, säher oýansaň,
Ýada salyp bilmejek deý hamala
Hemem tala daňylypdyr tamaňam.
Kim saňa düşünsin?
Ýylgyranyňa
ýürekden gülýänsiň öýdýär özgeler.
Ynanasyň gelmän görýänleriňe,
Gözleriň ömürlik ýumasyň geler.
Emma başarmarsyň sen bir sähne deý.
Diňe öz roluňy oýnanyňdan soň
Çykýaň sahnadan.
07.09.2021ý.
* * *
SAZANDA
(Okuw jaýymyzy tämizleýji Gülälek gelnejä)
Men suratkeş bolsam, ilkinji bilen
Çekerdim seniň keşbiňi.
Sübse bilen saz çalyşyň çekerdim,
Tozanlaryň seň güýjüňe çydaman
Asman sary el bulaýşyn çekerdim.
Bagyndan ýekirlen ýapraklaryň hem
Üýtgeşik tans oýnaýşyna haýran men.
Emma olar seň guralyň güýjünden
Sypyp, hiç bir ýana aýrylyp bilmez.
Biz welin, gözli kör — görmedik bolýas.
Asyl tämizligiň nusgasy bolup
Ýaşap ýörsüň sen!
11.09.2021ý.
Gülnar GELDIMYRADOWA
soho 3 years ago- ady tanysh