Biz nähili dostduk?!
Neneň ýoldaşdyk?!
Kalba ýerleşmezdi ýürek joşumyz,
Alnymyzda bardy owadan dünýä
Hem-de entek ýaşalmadyk ýaşymyz.

Çüýşäni däl,
üleşerdik gussany,
Ony biz bölekläp çekerdik merdem.
Şatlygmyzam bölüşerdik,
ýöne ol
Biziň herimize ýeterdi birden.

Biz nähili dostduk?!
Ýokdy biz ýaly.
Ondan bäri ençeme ýyl geçipdir...
Bir dostumy alyp gitdi aýaly,
Beýlekisin maşyn alyp gaçypdyr...

Ýene biri ýiten eken meýlisde...
Gitdik sülgün jüýjesi deý pytyrap.
Soň seretsem, birek-birekden däl-de,
Düşüpdiris uly dostlukdan yrak.

Bu bir durmuş.
Şatlyk düşläp geçende
Deň bölüşýär täze dostlaryň seniň.
Ýöne galsaň kynçylygyň içinde,
Ony kem göreňok ýalňyz çekeniň.

Käte duşup köne dostlaryň bile,
Iş-güýç, ahwal hakda soraşýaň başda.
Soň bolsa dymylýar, alaç ýok bize
Ýatlama älemne gitmeden başga...

Göwnejaý däl söhbet, meýlis gyzyksyz
Hem alyp gaçanok käsedäki meý.
Göwnejaý däl...
Ylla eldeki gazlaň
Toýnuk guran bolup köle barşy deý.

Nobatguly REJEBOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir