Şeýle bir gyzypdy toýuň şowhuny:
Iýhä-iý!
Içhä-iç!
Tans.
Aýdym-sazlar.
Göçgünli ýigitleň nazarlaryndan
Ýaňaklary nar deý gyzaran gyzlar.
Şu gyzlaň içinde bir gyz otyrdy,
Ne gürrüňe, ne şowhuna garyşyp.
Gözünde birgeňsi kine bar ýaly
(Ana, gaşlary-da gitdi bürüşip).
Öýlenýän ýigide garaýar taýly,
Käte göz astyndan, kä-de dikanlap.
Her bir garaýşynda ýalyn görünýär,
Atylýar her bakyşyndan tikenler.
Düýn bagtyna şärik edinen ýigdi
Bu gün özge gyzyň bagtyna şärik,
Geljegine şärik,
Wagtyna şärik,
Durmuşyna şärik,
Köňül şalygnyň
Tagtyna şärik.
Bir ömre ýeterlik arzuw-hyýaly
Bir günde ýaprak deý gidäýdi tänip...
Mertlik etjek boldy, çydajak boldy,
Bolmady, wah...
Ýeňildi öz-özünden.
Ýalynly ýüregniň syryn paş edip,
Bir damja ýaş taýyp düşdi gözünden...
Sapa HOMMADOW
TOÝDA
-
kwazimoda
3 years ago
- çap atym çap 😊
-
soho
3 years ago
- goshgy super
-
LadaKalina.
3 years ago
- bàh, :(::::
-
kwazimoda
3 years ago
- Türkmenler gaty zat gormedik. Any osmedik yyrtyjy millet.
-
kwazimoda
3 years ago
- Şu Sapa Hommadowyñ goşgularnyñ täsirinden çykabilmän soñ soñlaram belli bir setirleri kellämde aýlanýa durya. 2ýyl gowurak bolandyr şony yzarlaýanyma Kitapcy.comda her bir ýazan goşgusuny teswirlerne çenli okaýan. Belki bir wagt tanyşmak müñkinçiligim bolar (umyt edýän). Arada Ahmedik 97- haýyş etdim. Sapa islemedimi nämemi habar bolmady. Ahmedem telefony öçük habarlaşyp blmk diýdi. Belki bir wagt tanyşarys özä töweregmizden ýaly.
-
kwazimoda
3 years ago
- Ýalynly ýüregniň syryn paş edip,
Bir damja ýaş taýyp düşdi gözünden...
Bary ýogy bir damjamy? Mümkin däl...
-
kwazimoda
3 years ago
- Ýalynly ýüregniň syryn paş edip,
Bir damja ýaş taýyp düşdi gözünden...
Bary ýogy bir damjamy? Mümkin däl...
-
kwazimoda
3 years ago
- Men gitmeli. Ine muny
Gitmerin men, titrek-ýaprak ýüregmiň,
Ähli pyşyrdysyn diňlemeseň sen.
Müň sapar uly iliň öňünde okanam bolsam gitmeli. Seň açan mowzuklaryňdan gitmeli men. Näçeler birzatlar ýazasym gelse-de soraglaryma berilmedik jogaplar üçin namys keserip dur.
-
kwazimoda
3 years ago
- @Kwazimoda eger özüňize jogap berdirmek isleseňiz, kimdigiňizi açyk-açyk aýdyp sorag beriň diýipdir Pegas.
Onsaňam siz oňa gowy gören gyzlaryň biriniň adyny aýt diýipsiňiz. Aýdarmy? Belki aýdar. Ýöne, adyňyzyň çykmak ähtimällygy az.
Eger habarlaşmak isleseňiz poçtasyna, nomerine ýazyň.
Siziň bu halyňyzy görüp, gyz ýüregim gyýylýar.
-
kwazimoda
3 years ago
- Sapa ýalançy, ýasama oglan däl. Eger gowy görmese, ýüzleý ünüs berse gowy gördüm diýjek oglanam däl. Adam gowy görenlerini nähilli ýatdan çykarsyn. Oglan çyn ýürekden söýende eýýäm törüne geçiresi gelip söze:,, Ejemi ugratjak size,, diýip başlaýar. Göwni ýetmese, söýmese beýle diýmeýär. Eger Sapaň ýadynda bolsa men ejeň belgisini ber, daýzama aýtjak Sapa garagolluk edýär diýip diýipdim Gyzlar eger siziň biriňizi söýýän bolsa baryp dynyň şuňa. Ahlimiz mundan hantama bolup ýörmäýliň. Hawa men ilkinji hantama. Gowy oglan. Göwnünde hiç hilli kreň ýok. Içýär, çekýär diýýäller. Bu bir Sapa ýalançy, adam öldüripdir, ogry diýmek däl. Muňa diňe gowja, düşünjelije, akyllyja gyz gerek.Hem akja)) (Bir sapar surat ugrat diýende elimiň suratyny uýratdym.,, Eliň akja eken,, diýipdi) 😞 Ana şonda munyň minuslary düzelýär. Häzir bu edil kelebiň ujyny ýitirene meňzeş. Men näz edegen, gaty ynjyk gyz. Belki sizem şeýlesiňiz. Sapa doly adresimi belgimi bermesemem okuw jaýymy bilýädi. Men ony okuw jaýymyzyň Şewçenko köçe tarapdaky girip çykalgasyndan köp gözläpdim. Tapmadym. Gelmedi (( Birem maslahatym köp bir näz edip durmaň. Gowy maşgalalary bar, aýtmyşyna görä. Sygyryň tezegine taýyp ýykylyp ýörün diýerdi bir kursdaşym. Oňam öz ýerinde gowy taraplary bardyr. Sapa adam ynjytjak oglan däl, beter jany ýanmasa. Men ony ýazyşanymda iki sözünden tanapdym. Indi giç eken (( Nesibe. Ýazgyt. Indi men bu ýerlerden gideýin. Sapa meni dardan assada çydardym belki. Bir öýkelärdim, bir ýazylardym. Bu girýän adymdan girýänem köp. Köpüsem sögegen. Men ýagşy adymy bulap ýörmäýin. Sapa eger senem bu teswirimi okasaň bagtly bol!
Men Alla bilen gürleşibä gelmedim ýöne seresapja çemeleşip gyz saýlasaň bagtlyjada bolarsyň. Sag aman gez((
Nebisjigi agyrap çydamadyk gyzjagaz sizdenem minnetdar!
-
kwazimoda
3 years ago
- Siziň şol gyzjagaz diýip ýüzlenen gyzyňyz sizden belki uludyr ýa siz deň-duşdyr.
-
kwazimoda
3 years ago
- Sapadan hantama gyzjagaz size ýüzlenýän!
Men sizi tanaýdym öýdýän ýalñyşmasam:)
Elbetde telefonda ýazyşanyñ üçin gowy görünen bolmagy ähtimal. Ýöne seniñ taryp edişiñ ýaly gowy oglana däl ol, erbet oglanam däl ýöne. Aýtjak bolýan zadym adama artykmaç baha berer derejede däl. Ilki ýaşaşyp görseñ tanarsyñ hantama bolsañ däl. Beý diýsem menem bir hantamañ biridir öýdäýme)) men erkek oglan. Boljak oglan bokundan belli diýýändirler, dogry Sapa Hommadow bilimli, hünärli, şahyr oglan, Adamçylygam ýeterlik (ilden artyk däl) . Ýöne... ýöne öýüne peýda getirýän oglan däl gynansakda.....
-
kwazimoda
3 years ago
- Sapa hakynda edil şular ýaly tankydy öñem bir gezek okapdym öñüräk. Ýöne kimiñ ýazany ýadymda däl. 😕
-
kwazimoda
3 years ago
- Alemjahan.net saytyna gelin. Adminler topary adalatly. Shasy maglumatlarynyz gizlin saklanyar. Dizayn owadan. Agzalary tertipli.
Alemjahan.net
-
kwazimoda
3 years ago
- Sapa drug sen baradaky teswirleri okadym welin oyune peyda getirenok diyyanleri bihili gorunya. Umuman dogry yaly gorunya. Artyk yerin yok drug sen ony men arkayyn aydyo biljek. Yone ile zyyan beriji kem tarapynam bilemok. Yone su oyune peyda getirmeyan bolsana basga gowu tarapyndan peyda bolmaz masgalana. Men Pena. Yagny sana aydypdym name diysem tanadyp diyerin dp. Yene bir zat drug sen bloglarynda sana sowunyani men dp aytyalar. Men dal. Eger ynanmasan ynanman bilersin. Aytmak men bn ynanmak sen bn. Galanynam nomerim bar sende. Mende pozulupdyr yogsa bardy. Habarlas aram aram. Gerek bolsan men taparyn seni :) real dususygam nesibeli gun bolar belki
kwazimoda 3 years ago- toy gutaransoñ keyp bolandyray, yash catynjalara ; )