degişme äheňde ýazylan (ogurlanyp, terjime edilen) gysgaça maglumatlar. 1,70 boýunyň uzynlygy; ýaşyl gözli (mümkin bolsa möwsümlere görä üýtgesin) inçe boýun, saçlary uzyn (biline çenli bolsa has gowy.) bedeni 90-60-90 bolmasy hökman däl; aýaklary düzgün; inçe aýaklary bolan; 36, 37 razmer köwüş geýýän; seredilen barmaklar, dyrnaklar; fiziki tarapda şeýle pikir etdim, indi geleli haly-häsiýetine. 1. akylly gyz bolmaly, meselem sportdan, syýasatdan düşünjeleri bolmaly 2. aýlygy menkiden az bolmaly. (has az däl, meselem men 700$ alýan bolsam ol 600$ alsa gowy) 3.edepli gyz bolsun, nirde nahili oturmaly, turmaly ýerleri bilsin. 4. hemme zada "bolýar" diýip durmasyn, ýöne ylalaşmagyň nämediginem bilsin. 5. maňa däli ýaly aşyk bolsun. 6. eje mähriniň näme zatdygyny bilsin (özi islese eje hem bolar, ýok diýip durmarys) 7. açlygymdan öldürmejek derejede nahar bişirmesini bilsin (meselem, ýumurtga, palow, makaron) 8. edil "hanym" ýaly geýinsin. (gysga t-shirtler zatlar bize görä däl) 9. diňlemegi bilsin, edil şonuň ýaly hem diňletmegi bilsin, meniň bilen aglasyn, meniň bilen gülsün. 10. tagam lezzetimiz bir bolsun, daşarda nahar edinemizde birimiz aç galmaz ýaly. 11. ýasama/ýalançy bolmasyn. halaýan zadyna halaýan, halamaýan zadyna-da halamok diýmegi bilsin. 12. dostlarym bilen arasy gowy bolsun, dostlarymyň aýallary bilen hem aralary gowy bolsun. 13. maşgalasy gaty baý bolmasyn. 14. maşgalasy çagalary halaýan adamlar bolsun. gerek wagtynda agtyklaryny oýlerine goýup dynç almaga çykyp biler ýaly. 15. meni ýakynymdaky gyzlardan gabansyn, wagtal-wagtal şolar sebäpli menden gaty gören bolsun. 16. öňki söýülisi ýa ölen bolsun ýa-da öýlenip, çaga-çugaly bolsun. 17. kitap okasyn, maňada şony okamagy öwretsin. menkilerä ine şeýleräk :D p.s. sizem isleseňiz özleriňiziňkini ýazyp bilersiňiz ýone ýekeje haýyşym +18 bolmasyn, hemme kişi doly okap görer ýaly.

Köneler, virmenaard tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir