OBAMYŇ ÝAŇY (HEKAÝA) / ÝOLAMAN GURBANOW

Bu günki gün has üýtgeşik. Basan her ädimim meni bir gez beýgeldýär. Çünki men arzyly mekanyma barýan. Ädimlerimiň her biri täsin many döredýän mislidi. Çünki, olar meni dogduk obama äkidip barýar.

Içki dünýäm bilen hemsyrdaş bolup barşyma, bir goja pete-pet gabat geldi.

– Salawmaleýkim, ýaşuly! – Ol elini maňlaýyna...

Dowamy »

712 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

BÄBEKLI (HEKAÝA) / AKNUR ROZYÝEWA

Dünýäniň gowgaly syrlarynyň darbazy deý garaňkynyň sapak ýaly işilen ýüreginden nämälimliklere sary ýol alan göç kowgynyň aňtawyndan sypmak üçin usurgan ruhuny süýräp barýardy. Ýollar uzyn, töwerek garaňky, geljek bolsa düýbi görünmeýän boşluga öwrülen umytsyzlykdy. Emma şonda-da umytsyzlykdan-da umyt agtaran göç ýoly külterläp barşyna sag-aman ert...

Dowamy »

705 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

GORKUT ATA DESSANY ㅡ Salyr Gazanyñ öýüniñ ýagmalandygy boýny beýan eder

SALYR GAZANYÑ ÖÝÜNIÑ ÝAGMALANDYGY BOÝNY BEÝAN EDER



Bir gün Ulaş ogly, tuly guşuň balasy, ejiz-misgin umydy, Amyt soýynyň arslany, Garajygyň gaplaňy, Goňur atyň eýesi, han Orazyň agasy, Baýyndyr hanyň giýewisi, galyň oguzyň döwleti, galmyş ýigit arkasy Salyr Gazan ýerinden turmuşdy. Togsan başly ban öýlerin gara ýeriň...

Dowamy »

1154 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago

"Söýgüm" diý-de, ýaz meni!

"Söýgüm" diý-de, ýaz meni!

Düwün düwün bolup, galdy ýüregim,
Gir kalbyma, şol düwünden çöz meni,
Sönmez söýgüm, çäresizligim meniň,
Al ýüregiňe "söýgim" diý-de, yaz meni!

Ellerimiz söýgi bilen görüşsin,
Gözlerimiz bakyşlarda sözleşsin,
Leýli bilen Mejnun bu gun gowuşsun,
Al kal...

Dowamy »

877 0
Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 3 years ago

Täsin aýna / satiriki hekaýa

TÄSIN AÝNA
(satiriki hekaýa)

Aýalym ikimiz myhmana girdik. O ýerden zeý ysy gelýärdi. Bütin asyr dowamynda çyra ýakylmadyk myhmanhanaň diwarlaryna şem ýakyp seretdik, bir topar alakadyr, syçanlar her ýana gaçyp gitdi. Gapyny ýapanymyzda daşardan giren şemal burçda üýşürylyp goýulan kagyzlary pytyratdy. Şem ýagty...

Dowamy »

1075 1
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 years ago

SEN GITDIŇ (oýlanma)

Hasratym ýaş bolup akmalydy gözlerimden,emma aglamadym aglap başarmadym.
Gitdiň..
Seni däliräp süji arzuwlar bilen söýerdim.
Arzuwlarym seniň bn bolmakdy,arzuwym teniňde eremekdi,arzuwym şatlygymy,gaýgymy seniň bilen paýlaşmakdy muny saňa aýdyp ýetişmedim.
Çünki ýanyma geleniňde gözleriňe seredip sözlejek sözlerim unudar...

Dowamy »

1022 3
Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 3 years ago

Sözbaşy

S​özbaşy
Bismillähirrahmänirrahym

Gör nähili gowy kalba sygmadyk
Duýgylarmy Seniň bilen paýlaşýan
Ýüregimi gije-gündiz ýygladyp

Bu sözleri anyk beýan etmäne
Ylahydan ylham söz gory gerek
Aýdyň hakykaty aýan etmäne

Eý meniň goşgymy okap oturan
Musulman doganym !

Dowamy »

943 8
Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 3 years ago

Şirinaýyma...

Bu sözleri ýazmagymyň maksady ýüregime sygmadyk duýgylarymy söýgülime ýetirmek .Belkide bu sözleri Şirinaýym okar.

Şirinaý
Şu ady eşdenimde ýüregim jigläp gidýär.Diňe bir iki üç gezek däl her gezek eşdenimde ýüregim jigläp gidýär .Näme üçin beýlekä?
Bu nähili söýgi boldygy,bu nähili duýgy boldygy ? Ynanyň bu duýgyny beý...

Dowamy »

1278 5
Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 3 years ago

Bu mowzuk aýallaryň gürrüňi barada

Aýallary gürletmäň müň dürli usuly bar, emma olary dymdyrmagyň welin, ýekeje usulam ýok diýipdirler. Asla-ha,göwnüňe bolmasa,aýallar diňletmek üçinem däl-de, diňe gürlemek üçin gürleýän ýaly. Iki-üç aýal ýolda duşsa, bolmanda,ýarym sagatlap gürleşerler welin, emma birem beýlekisini diňleýän däldir, bary birden gürleýändir. Soň öz-özlerinden göwnüho...

Dowamy »

1028 3
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago

Jelepçilik mirasy

JELEPÇILIK MIRASY

Ylahyýetçi Abdylla Akyn şeýle diýýär:“1924-nji ýylda Çanakkalede we Bursada jelephana hökmünde ulanylýan metjitler bardy!”Işigaýdan taryha öz hyýallarynyñ isleýän ugrundan baha berjek bolýar!Ýokary okuw jaýlarynda duýgylary bilen hereket edýän şular ýaly jahyllaryñ sany bar, sajagy ýok...Ýogsam bolmasa, serediñ, tar...

Dowamy »

1262 3
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago

Zoýa

ZOÝA

Stambully Zoýa...
Wizantiýa imperatorynyñ owadanlygy bilen daş-töweregine ýalkym saçan kyrk sekiz ýaşly durmuşa çykmadyk boý gyzy.Onuñ şahsy durmuşy kakabaşlykdan doludy, erkege garaşly bolmagy halamaýardy. Parfýumeriýa we hoşboý ysly ýaglary çalynmagy gowy görýärdi. Hut özi bulary ýasap ulanýardy, onuñ aýak basan ýerinde...

Dowamy »

1010 2
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago

Hezreti Muhammediñ döwründe ýumor

HEZRETI MUHAMMEDIÑ DÖWRÜNDE ÝUMOR

 Fransiýanyñ "Charlie Hebdo" satiriki žurnalyna garşy bolup geçen ýaragly hüjüm ýene-de "yslam we terrorizmi" bütin dünýäniñ teleýaýlymlarynda iñ köp agzalýan gürrüñleriniñ birine öwürdi. Muña meñzeş waka Türkiýede-de bolup geçdi. Turhan Selçugyñ çeken karikaturasy sebäpli "Cumhuriyet" gazetiniñ reda...

Dowamy »

1013 3
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago

Aýyp kimde? / satiriki hekaýa

AÝYP KIMDE
(satiriki hekaýa)

Hemraýew agşamlyk naharyny iýip bolansoň ýatmakçy boldy, emma bolmady. Aňyrky otag goh-galmagal, çagalar ýassyk bilen biri-birini urup oýnap ýörler. Sagat sekgiz ýarym-da ýygnaga hem barmaly. Düýn Hemdem ata-eneler ýygnagy boljakdygy barada mekdepden hat alyp geldi.
H...

Dowamy »

965 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 years ago

Söýgi serirleri...

Söýgi setirleri.

"Sen meniň ýyldyz süýnende eden arzuwum däl, Azan okalanda eden dilegimsiň..."

*****

Saňa aýdasym gelýä…
Şelpesin ýel öpen tuduň astynda.
Aýly gijelerde ýalňyz galýanym.
Näme hakda oýlanýanym aslynda.

Saňa aýdasym gelýä…
Syrly gijelerde uky berm...

Dowamy »

1030 1
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago

Meşhurlaryň durmuşyndan henekler

MEŞHURLARYŇ DURMUŞYNDAN HENEKLER

Günlerde bir gün Bernard Şou atly gezelenje çykýar. Ençe wagt ýöränsoň ýolda sataşan bir adama ýüzlenip:
— Gardaş, şu aty jylawundan tutup dursaňyz, haýyş, men derrew poçtahana girip çykmaly.
— E-e, näme diýýäňiz, jenap? Men parlament agzasy ahyryn.
— Daşyňyzdan halal, ynsaply ada...

Dowamy »

1041 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 years ago

Geň-taňsy ogurlyk / satiriki hekaýa

GEŇ-TAŇSY OGURLYK

Gyşyň aňzak tüni. Satyjy dükanyň penjiresiniň daşky gözeneklerini ýapyp duran mahaly tötänden dükanyň içinde gezip ýören bir adama gözi düşdi. Daşara çykmazdan ozal dükanda adam galandygyny görmändi. Nätanyş adam tekjede duran birnäçe bölek mesgäny çakganlyk bilen alyp, başgabynyň içinde gizledi. Satyjy gapydan daş...

Dowamy »

1085 2
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 years ago

BAŞYNA GÖREN ÝALY

BAŞYNA GÖREN ÝALY

Rowaýata görä goňşy gelinler üýşüp, küýzeli suw alyp gelýärkäler, oglunyň ýetişdiren çar bagynyň saýasynda saýalamaga çöken enäniň ýanyndakylar gözdençykgynç agyr hasyl getiren baglary görüp, “Baglara başyna gören ýaly getiripdir” diýipdirler.

Bu gürrüň gulagyna hoş ýakmadyk ene “Öz başyny özi iýsin,...

Dowamy »

859 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

ÖÝI ÖÝ EDÝÄN KIM?

ÖÝI ÖÝ EDÝÄN KIM?

Gadym döwürlerde bir baý täjir bolupdyr. Bir gezek ol kerwen bilen söwda etmäge özge ýurda gidipdir. Olar ýolda demdynç almak üçin düşläpdirler. Şonda oturanlaryň biri öýi öý edýäniň aýaldygy hakynda gürrüň açypdyr. Baý täjir ony içinden oňlamandyr, öýde esasy ornuň erkek adama degişlidigi barada pikir ýüwürdipdir....

Dowamy »

887 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

GARANTGA

GARANTGA

Hasyl bol getirende ekin içinde dikilýän garantga, uly malyň kelle süňki, bagdan asylgy bitaý köwüş, döwük çäýnek, deşik bedre guş gorkuzmak üçin dälde, bol hasyl getiren bagbakjany ýaman gözden, ýaman dilden goramak üçin edilýän yrym eken.

Rowaýata görä, bagbakjasyna görip gözi degýänini duýan daýhan, geleni...

Dowamy »

691 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

PERIŞDÄNIŇ PÄKLÄN YNSANY

PERIŞDÄNIŇ PÄKLÄN YNSANY

Türkmen halkymyzda sözüň piri hasaplanylýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň diňe bir paýhas dürdänesi bolan şygyrlary däl, eýsem, onuň özi hakyndaky rowaýatlar hem halkyň diliniň senasydyr. Beýik söz ussadymyzyň sarpasyny hasda belende göterýän şol rowaýatlar hem şahyrana döredijiligi deýin nesillerden...

Dowamy »

755 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago