ATEISTIÑ DÜŞÜNMEDIK ZATLARYNYÑ BIRI: KURAN NÄME ÜÇIN GÜNI PALÇYGA BATYRÝAR?

Hawa eziz okyjylar!
Ateistleriñ düşünmeýän Yslamdaky soraglaryna jogap bermäge synanyşmagymyzy dowam etdirýäris. Sowallar şolar ýaly ownuk-uşaklyklardan köpelip gidýär diýsek ýalñyşdygymyz bolmazdy.
Gurhanyñ düşündirişli tefsirini okan Ateistleriñ biri şeýle sorag bilen ýüzlenipdir: Ýagny Zülkarneýiniñ gürrüñi edilýän aýatlaryñ birinde Günüñ batgalyga batyp gidýändigini düşündirilmegini towakga edipdir.
Ilki bilen Gurhan şol aýatda ''şolar ýaly, ýagny batýan ýaly'' diýip düşündiriş berýär.
Gönülüp batdy diýmeýär, ''batýan ýaly'' diýip düşündirýär. Ol aýat Zülkarneýiniñ, gözi bilen görnüşine görä görüneni üçin, şol şahsyýetiñ üsti bilen ýetirilýän keramatly aýadyñ hikmedi inçe.
''Ahyrynda Günüñ batýan ýerine baranda, ony gara palçyga batýan (ýaly) ýagdaýda gördi. Ol ýerde bir kowuma gabat geldi. Şondan soñ biz ''Eý Zülkarneýin! Olary ýa jezalandyr ýa ýagşylyk bildir'' diýdik''!
Görşümiz ýaly aýatda Zülkarneýine diýilýän zatlar bilen okyjynyñ okap oturan aýatlaryndaky sözler dykgatlary çekmelidir.


https://www.islamiforumlar.net

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir