Çaga günüň dowamynda maşgala saçagyndaky iýmitlerden 5 gezek naharlanmaly – 3 gezek esasy we 2 gezek goşmaça naharlanmaly. Iýmıtlendirmegiň iň oňat düzgüni: göwüsden emdirmegi dowam etdiriň diýlip Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky edarasynyň resmi Instagram hasabynda (@unicef_turkmenistan) aýdylýar.

BERILÝÄN MASLAHATLAR:

Çaganyň gowy görýän iýmitini beriň!
Süýjüleri, hamyrly konditer önümlerini we süýjüli içgileri çaga bermäň!
Çaganyň iýmitine duz goşmakdan gaça duruň! Naharlanýan mahaly çaga bilen oýun ediň, oňa aýdym aýdyp beriň ýa-da ol köpräk iýer ýaly başgaça usulda höweslendiriň!
Çaganyň ýanynda oturyň, kanagatlylyk bilen oňa naharlanmaga kömek beriň!

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir