TÄSIN AÝNA
(satiriki hekaýa)

Aýalym ikimiz myhmana girdik. O ýerden zeý ysy gelýärdi. Bütin asyr dowamynda çyra ýakylmadyk myhmanhanaň diwarlaryna şem ýakyp seretdik, bir topar alakadyr, syçanlar her ýana gaçyp gitdi. Gapyny ýapanymyzda daşardan giren şemal burçda üýşürylyp goýulan kagyzlary pytyratdy. Şem ýagtysy kagyzlara düşdi, kagyzlar gadym döwürde ýazylan ýazgylardyr, orta asyrda çekilen suratlardan ybarat eken. Göm-gök gögerip giden diwarlarda ata-babalarymyzyň suratlary asylyp dur. Pederlerimiz bize gaşlaryny çytyp, gahar bilen garap:
— Seni bir, gowja ýenjende bolýa welin— diýip duran ýalydy.
Biziň basan her ädimimiz öýüň içinde ýaňlanýardy. Meniň üsgürmegimiň netijesinde ýaňlanan ses öňki döwürde-de bu öýde edil şular ýaly ýaňlanan bolsa gerek diýip oýladym…
Şemal her hili ses çykarýardy. D:aş morda biri aglaýan ýaly, oň agysyndan umytsyzlyk äheňleri eşidilýän ýaly bolýardy. Uly-uly ýagyş damjalary könelip giden penjirelere gelip urulýardy, bu bolsa ýaňky seslere goşulyp ýüregiňe wehim salyp barýardy.
— Eý, ata-babalarym— diýdim — Eger men ýazyjy bolanymda şu suratlara seredip, uly bir roman ýazardym. Şu garrylaryň her biri bir wagtlar ýaş bolan, her biriniň özüne ýaraşa başdan geçirmeleri bolan… Başdan geçirmeler bolanda-da nähili başdan geçirmeler. O kempire seret! O meň uly enem. Bu görmeksiz, ýygyrenjy aýalyň örän täsin ömüri bolan. O burçda asylan aýnany gördüňmi!— diýip aýalymdan soradym.
Men aýalyma, bir burçda uly enemiň suratynyň ýanynda asylyp duran çarçuwasy gara kümüşden ýasalan aýnany görkezdim.
— O jadyly aýna, uly enem şo aýna sebäpli ölüp giden. Aýnany juda gymmat baha satyn alan eken, ölýänçäde aýnany ýanyndan hiç aýyrmandyr. Gijesem, gündizem hepdäki iýip içen mahalam şu aýna seredip oturar eken. Uklan wagtam aýnany ýanynda alyp ýatypdyr. Ölmezden öň "Aýnany meň bilen bile gömüň!" diýen eken. Aýna tabyda sygmandygy üçin uly enemiň wesýeti berjaý edilmän galypdyr.
Aýalym:
— Uly eneň tentek boldumyka?— diýip sorady.
— Belki. Emma oň şundan başka aýnasy ýok bolanmyşmy? Nämüçin, aýnyman başka aýnany däl-de şuny gowy görüp galdyka? Oň şundan başka owadan aýnasy bolmadykdyr diýip oýlaýaňmi? Ýok, ezizim, muň aňyrsynda bir täsin syr bolsa gerek. Syr bolmazlygy mümkin däl. Rowaýatlara görä bu aýnaň içinde jyn barmyş, uly enem bolsa jynlardan gorkar eken diýýäler. Elbetde, bu bolgusyz gep, emma kümüş çarçuwaly aýnaň nähilidir syry bardygy anyk.
Aýnaň çaň-tozanyny süpüryp, aýna seretdim, seretdimde ha-ha-haýlap gülüp başladym. Öýüň ähli ýerini gülkimiň ýaňy gaplap aldy. Aýna, gyýşyk aýna eken, bütin durkum aýnada gyýşaryp görünýär, burnum çep çekgäme geçen, eňegim bolsa ikä bölünip gyýşaryp dur.
— Şu, uly eneme düşünip bilmedimda — diýdim.
Aýalymam gorka-urke aýnaň ýanyna gelip aýna seretdi welin, peläket gopdy. Ýüzi agaryp, bütin bedeni sandyr-sandyr, sandyrap başlady. Birden çyrkyn gygyryp, elindäki şemdany zyňyp göýberdi, şem öçüp gap-garaňky zymystanlykda galdyk. Şol mahal bir närse ýere gurpuldäp ýykyldy, aýalym huşundan giden eken.
Şemal öňküsinden-de beter ala-zenzele turuzyp başlady. Öýüň içinde bolsa alakalar her ýana ylgaýardy, syçanlar bolsa kagyzlary gemirýärdy. Bir penjiräň perdesi üzülyp ýere gaçdy, gorkudan saçlarym syh-syh boldy. Penjireden aý görünip durdy.
Aýalymy göterip pederlerimiň öýünden alyp gitdim. Aýalym ertesi güni agşam aralar özüne geldi.
Huşuna gele gelmän:
— Aýna nirde? Aýnany getiriň!— diýdi
Bir hepdeläp iýip-içmedi, gijelerinede uklamady. Diňeje "şol aýnany getiriň" diýýärdi. Saçlaryny ýolup, özüni her ýana urup aglaberýärdy. Ahyry lukman "bu gidişde aýalyň ajyndan ölüp galar, ýagdaýy agyr" diýeninden soň gorkymy ýeňip pederlerimiň öýüne gitdimde uly enemiň aýnasyny getirdim. Aýnany görenden aýalym şatlanyp güldi-de aýnany ogşap özüni aýnada tomaşa etmäge başlady.
Şondan soň on ýyla golaý wagt geçdi, aýalym henizem aýnany ýanyndan aýyranok.
— Çyndanam şu men bolsam-a?— diýip pyşyrdaýar, ýüz gözüne şatlyk çaýylýar— Howwa, men, edil özüm. Hemme meni aldap gezipdir, ärimem şu wagta çenli ýalan gepläp gezipdir. Eh, eger men özümiň şular ýalydygymy bilenimde hiçem bu adama durmuşa çykmazdym. O meň dyrnagymyň ujunada mynasyp däl. Meň aýagyma iň owadan, iň alyjenap alplar dyz çökmegi gerek.
Günlerde bir gün aýalymyň arkasynda durdum, birden nazarym aýna düşüp galdy, şo mahal täsin syr maňada aýan boldy. Aýnada gözellikde teňi taýy bolmadyk aýaly gördüm. Bular ýaly owadan aýaly ömürimde görmändim. Bu, aýal däl, tebigatyň mugjyzasy, gözelliigiň, nepisligiň we yşkyň simowlydy. Geň galaýmaly, näme boldugy bu? Nämüçin meň bigörk aýalym aýnada owadan bolup görünýär? Nämüçin?
Oň sebäbi: Aýna aýalymyň görmeksiz keşbini her tarapa gyýşardyp, bütin bedenini üýtgedip tötänleýin gözel aýala öwürdi. Minus minusa goşulyp plýus boldy.
Şondan bäri aýalym ikimiz aýnadan gözümizi aýyrman seredýärys. Meň burnum çep çekgämiň allawarralaryna geçip giden, eňegim ikä bölünip, gyýşaryp dur, emma aýalymyň keşbi örän owadan bolup görünýär, ony görüp bütin durkumy hyjuw gurşaýar.
Edil tentek adama meňzäp:
— Ha-ha-ha— diýip gülýän.
Aýalym bolsa üznüksiz:
— Nähili gözel men— diýýär, pyşyrdap.

Anton ÇEHOW

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir