SALYR GAZANYÑ ÖÝÜNIÑ ÝAGMALANDYGY BOÝNY BEÝAN EDER



Bir gün Ulaş ogly, tuly guşuň balasy, ejiz-misgin umydy, Amyt soýynyň arslany, Garajygyň gaplaňy, Goňur atyň eýesi, han Orazyň agasy, Baýyndyr hanyň giýewisi, galyň oguzyň döwleti, galmyş ýigit arkasy Salyr Gazan ýerinden turmuşdy. Togsan başly ban öýlerin gara ýeriň üstüne dikdirmişdi. Togsan ýerde ala haly ýüpek düşemişdi. Segsen ýerde badyýalar gurulmyşdy. Altyn aýak surahylar düzülmişdi. Dokuz gara gözli, owadan ýüzli, saçy arkasyna örülen, göwsi gyzyl düwmeli, elleri bileginden hynaly, barmaklary nigärli mahbup kapyr gyzlary galyň oguz beglerine sagrak sürüp içirlerdi. Içip-içip Ulaş ogly Salyr Gazanyň kellesine şerabyň ýitisi çykdy. Gaba dyzy üstüne çökdi. Aýtdy:
—Üýnüm aňlaň begler, sözüm diňläň begler, ýata-ýata ýanymyz agyrdy, dura-dura bilimiz gurady. Ýöreli, a begler, aw awlalyň, guş guşlalyň, sugun, keýik ýykalyň, gaýdalyň, otagymyza düşeliň. Iýeliň-içeliň, hoş geçeliň. Gyýan Seljuk ogly Däli Dondar aýdar:
— Beli, han Gazan, maslahatdyr. Gara Güne ogly Gara Pudak aýdar: — Agam Gazan, maslahatdyr. Olar eýle diýgeç, at agyzly Oraz goja iki dyzynyň üstüne çökdi. Aýdar: — Agam Gazan, başga dinli Gürjüstan agzynda oturar sen, ordaň üstüne kimi goýarsyň?
Gazan aýdar:
— Üç ýüz ýigitlen oglum Oraz meniň öýüm üstüne dursun — diýdi. Goňur atyn çekdirdi, bütin mündi. Depel kaşga aýgyryna Dondar mündi. Gök bedewisin tutdurdy, Gazan begiň garyndaşy Gara Güne mündi. Ak bedewisin çekdirdi, Baýyndyr hanyň ýagysyny basan Şirşemseddin mündi. Parasaryň Baýburt galasyndan parlaýup (uçan) Beýrek Bozaýgyryna mündi. Goňur atly Gazana «keşiş» diýen beg Ýegenek Dory aýgyryna mündi. Sanabersem tükense bolmaz, galyň oguz begleri mündi. Aladaga ala leşger awa çykdy. Kapyryň jansyzy yzarlady. Bardy, kapyrlar azgyny Şökli Mälige habar berdi. Ýedi müň, donunyň ardy ýarymyndan dilikli, gara saçly, başga dinli, din duşmany, alaja atly kapyr mündi, ylgady.  Gijäniň ýarymynda Gazan begiň ordasyna geldi. Altyn ban öýlerin kapyrlar çapdylar. Gaza meňzär gyzy-gelini çygyryşdyrdylar. Teble-teble şabaz atlaryna mündüler. Hatar-hatar gyzyl düýelerini itdiler. Agyr hazynasyny, bol akjasyny taladylar. Kyrk inçe billi gyz bile boýy uzyn Burla hatyn ýesir gitdi. Gazan begiň garryjyk bolmuş enesi gara düýe boýnunda asylyp gitdi. Han Gazanyň ogly Oraz beg üç ýüz ýigidi-len eli bagly, boýny bag ly gitdi. Eýlik goja ogly Sary Gulmaş Gazan begiň öýi üzerine şehit boldy. Gazanyň bu işlerden habary ýok. Kapyr aýdar:
— Begler, Gazanyň teble-teble şabaz atlaryny mündük, altyn-akjasyny taladyk, kyrk ýigit-len ogly Orazy tussag etmişdik, hatar-hatar düýelerini itdik, kyrk inçe billi gyz-len Gazanyň halalyny tutduk. Bu haýplary biz Gazana etmişdik — diýdi. Kapyryň biri aýdar:
— Gazan begde bir haýpymyz galdy. Şökli Mälik aýdar:
— Mere, aznawur, ne haýpymyz galdy. Kapyr aýdar:
— Gazanyň Gapyly Derbentde on müň goýny bardyr. Şol goýunlary, dahy götersek, Gazana uly haýp ederdik — diýdi. Şökli Mälik aýdar:
— Alty ýüz kapyr barsyn, goýny getirsin — diýdi. Alty ýüz kapyr atlandy, goýnuň üzerine ylgar bardy. Gije ýatyrkan, Garajyk çopan gara gaýgyly wakyýa gördi. Wakyýasyndan sermendi, ör turdy. Gyýan Güýji, Demir Güýji - bu iki gardaşy ýanyna aldy. Agylyň gapysyny berkitdi. Üç ýerde depe kibi daş üýşürdi. Ala golly sapanyn eline aldy. Nägehandan Garajyk çopanyň üstüne alty ýüz kapyr guýuldy. Kapyr aýdar:
Garaňky agşam bolanda, gaýgyly çopan,
Gar-le ýagmyr ýaganda, çakmakly çopan,
Süýdi, peýniri bol, gaýmakly çopan,
Gazan begiň, tüýnügi altyn ban öýlerini biz ýykmyşdyk,
Teble-teble şabaz atlaryny biz mündik,
Hatar-hatar gyzyl düýesini biz itdik,
Garryjyk enesini biz getirdik,
Agyr hazyna, bol akjasyny biz taladyk,
Gaza meňzär gyzy-gelnini biz ýesir etdik,
Kyrk ýigidi-le Gazanyň ogluny biz getirdik, Kyrk inçe billi gyz-le Gazanyň halalyny biz getirdik,
Mere çopan, yragyňdan-ýakynyňdan bäri gelgil,
Baş indirip, bagyr basgyl,
Biz kapyra salam bergil,
Öldürmäli, Şökli Mälige seni elteli,
Saňa beglik alybereli.
Çopan aýdar:
— Ala-gury söýleme, mere, itim kapyr,
Itim-le bir ýalakdan ýuwundym içen azgyn kapyr,
Astyňdaky alaja atyň ne öwer sen?
Ala başly geçimçe gelmez maňa.
Başyňdaky tugulgaňy ne öwer sen, mere, kapyr,
Başymdaky börügimçe gelmez maňa.
Altmyş tutam naýzaňy ne öwer sen, myrtar kapyr,
Gyzyljak degenegimçe gelmez maňa.
Gylyjyňy ne öwer sen, mere, kapyr,
Egri başly taýagymça gelmez maňa,
Billigiňde togsan okuň ne öwer sen, mere, kapyr.
Ala golly sapançamça gelmez maňa,
Yragyňdan-ýakynyňdan bäri gelgil,
Ýigitleriň zarbyny görgül, ondan ötgül — diýdi.
Eglenmän, kapyrlar at depdiler, ok sepdiler. Erenler başy Garajyk çopan sapanynyň aýasyna daş goýdy, atdy. Birin atanda ikisin-üçün ýykdy. Ikisini atanda, üçün-dördün ýykdy. Kapyrlaryň gözüne gorky düşdi. Garajyk çopan kapyryň üç ýüzüni sapan daşy-le ýere ýykdy. Iki gardaşy oka düşdi, şehit boldy. Çopanyň daşy tükendi. Goýun diýmez, geçi diýmez sapanynyň aýasyna goýar, atar, kapyry ýykar. Kapyryň gözi gorkdy. Dünýä-älem kapyryň başyna garaňky boldy. Aýdar:
— Ýarymasyn - ýarjymasyn, bu çopan bizim ählimizi gyrar bolamy? — diýdiler. Dahy, durmaýyp gaçdylar. Çopan şehit bolan gardaşlary hakyna goýdy. Kapyrlar läşinden bir beýik depe ýygdy. Çakmak çakyp, ot ýakdy. Dahy, oýlugyndan gurumsy edip, ýarasyna basdy. Ýoluň gyrasyn alyp oturdy, aglady, syklady. Aýdar:
— Salyr Gazan, beg Gazan! Ölümisiň, dirimisiň, bu işlerden habaryň ýokmudyr? — diýdi. Meger, hanym, ol gije galyň oguzyň döwleti, Baýyndyr hanyň giýewsi Ulaş ogly Salyr Gazan gara gaýgyly wakyýa gördi. Sermendi, ör turdy. Aýdar: — Bilermisiň, garyndaşym Gara Güne, düýşümde ne göründi?
Gara gaýgyly wakyýa gördüm, ýumrugymda dalbynan şahyn meniň guşumy ölür gördüm. Gökden ýyldyrym ak ban öýüm üstüne çakar gördüm. Tüm gara duman ordamyň üstüne döküler gördüm. Guduz gurtlar öýümi dalar gördüm. Gara düýe ýeňsämden garbar gördüm. Garga kibi gara saçym uzanar gördüm. Uzanyban gözümi örter gördüm. Bilegimden on barmagymy ganda gördüm. Nije kim, bu düýşi gördüm, şondan bäri akyl-huşum düýre bilmen. Hanym gardaş, meniň bu düýşümi ýorgul maňa — diýdi. Gara Güne aýdar:
— Gara bulut diýdigiň seniň döwletiňdir, gar ile ýagmyr diýdigiň leşgeriňdir. Saç gaýgydyr, gan garadyr. Galanyn ýora bilmen, Alla ýorsun — diýdi. Beýle diýgeç, Gazan aýdar:
— Meniň awumy bozma, leşgerimi dagytma. Men bu gün Goňur ata kakaram, üç günlük ýoly bir günde alaram, öýle bolmazdan ýurdum üstüne bararam. Eger sagdyr-esendir, agşam bolmazdan, ýene men saňa gelerem. Ordam sag-esen degil ise, başyňyza çäre ediň. Men dahy gitdim — diýdi.
Goňur atyn debsiledi, Gazan beg ýola gitdi. Gele-gele ýurdunyň üstüne geldi. Gördi, kim, uçarda guzgun galmyş, tazy dolaşmyş, ýurtda galmyş. Gazan beg bu ýerde ýurt bilen habarlaşmyş. Görelim hanym, ne habarlaşmyş. Gazan aýdar:  
Kowum - kabyla meniň guma ýurdum,
Gulan-le sugun keýige goňşy ýurdum,
Seni ýagy nireden darymyş, gözel ýurdum, Ak ban öýüm dikilende, ýurdy galmyş.
Garryjyk enem bolarynda, ýeri galmyş.
Oglum Oraz ok atanda, nyşana galmyş,
Oguz begleri at çapanda, meýdan galmyş.
Gara tagan dikilende, ojak galmyş.
Bu hallary gördüginde, Gazanyň gara gyýma gözleri gan ýaşa doldy. Gan damarlary gaýnady, gara bagry sarsyldy. Goňur atyny ökjeledi, kapyr geçdigi ýola düşdi. Gitdi. Gazanyň öňüne bir suw geldi. Gazan aýdar: «Suw Hak didaryn görmüşdir, men bu suw-le habarlaşaýyn» - diýdi. Görelim hanym, nije habarlaşdy. Gazan aýdar:
— Çagnam-çagnam gaýalardan çykan suw, Agaç gämileri oýnadan suw,
Hasan-le Hüseýiniň hasraty suw,
Bagu-bossanyň zynaty suw,
Äşe ile Patmanyň nikahy suw,
Şabaz atlar içdigi suw,
Gyzyl düýeler gelip-geçdigi suw.
Ak goýunlar gelip çöwresinde ýatdygy suw,
Ordamyň habaryn bilermi sen diýgil maňa,
Gara başym gurban bolsun suwum saňa — diýdi.
Suw haçan habar berse gerek? Suwdan geçdi. Bu gezek bir gurda duş boldy: —
Gurt ýüzi mübärekdir, gurtlen bir habarlaşaýyn — diýdi.
Görelim hanym, ne habarlaşdy. Gazan aýdar:
— Garaňky agşam bolanda güni dogan,
Gar ile ýagmyr ýaganda är kibi duran,
Gara goç atlary kişňeşdiren,
Gyzyl düýe gördüginde bozlaşdyran,
Akja goýun gördüginde guýruk çyrpyp,
Gamçylaýyn arkasyny urup,
Berk agylyň ardyn söken.
Garma-öweç, semizin alyp tutan,
Ganly guýruk üzüp çap-çap ýuwdan,
Owazy gaba köpeklere gowga salan,
Çakmaklyja çopanlary gije ýügürden,
Ordamyň habaryn bilirmi sen, diýgil maňa,
Gara başym gurban bolsun, gurdum saňa — diýdi.
Gurt haçan habar berse gerek? Gurtdan dahy geçdi. Garajyk çopanyň gara köpegi Gazana garşy geldi. Gazan gara köpeklen habarlaşdy. Görelim hanym, ne habarlaşdy. Aýdar:
Garaňky agşam bolanda waf-waf üýren,
Ajy aýran dökülende çap-çap içen.
Gelen hyrsyzlary gorkuzan,
Gorkuzyban galmagalyle ürküzen,
Ordamyň habaryn bilirmi sen, diýgil maňa,
Gara başym saglygynda eýlikler edem, köpek saňa— diýdi.
Köpek haçan habar berse gerek? Köpek Gazanyň atynyň aýagyna çap-çap düşer, siň-siň siňlär. Gazan bir çybyk ile köpegi urdy. Köpek çekildi, geldigi ýola gitdi. Gazan köpegi kowalaýyp Garajyk çopanyň ýanyna geldi. Çopany gördüginde habarlaşdy. Görelim hanym, ne habarlaşdy. Gazan aýdar:
Garaňky agşam bolanda gaýgyly çopan, Garle ýagmyr ýaganda çakmakly çopan,
Üýnüm aňla, sözüm diňle,
Ak ban öýüm şundan geçmiş gördüňmi, diýgil maňa,
Gara başym gurban bolsun çopan saňa — diýdi.
Çopan aýdar:
— Ölmüşmidiň, ýitmişmidiň, a Gazan,
Kanda gezerdiň, niredediň, a Gazan,
Düýn ýok, öteki gün öýüň mundan geçdi.
Garryjyk eneň gara düýe boýnunda asylgy geçdi.
Kyrk inçe billi gyz ile halalyň,
Boýy uzyn Burla hatyn, aglaýuban şundan geçdi,
Kyrk ýigitlen ogluň Oraz,
Başy açyk, ýalaň aýak kapyrlaryň ýanynça tussag gitdi.
Teble-telbe şabaz atlaryň kapyr münmüş.
Hatar-hatar gyzyl düýeleriň kapyr itmiş.
Altyn - akja bol hazynaňy kapyr almyş.  
Çopan beýle diýgeç, Gazan ah etdi. Akyly başyndan gitdi. Dünýä-älem gözüne garaňky boldy. Aýdar:
— Agzyň gurasyn, çopan, diliň çüýresin, çopan.
Kadyr seniň alnyňa kaza ýazsyn, çopan — diýdi.
Gazan beg beýle diýgeç, çopan aýdar: —
Ne gaharlanýaň maňa, agam Gazan!
Ýogsa göwsüňde ýokmudyr iman?
Alty ýüz kapyr dahy meniň üstüme geldi. Iki gardaşym şehit boldy.
Üç ýüz kapyr öldürdim, kaza etdim.
Semiz goýun, arryk tokly seniň gapyňdan kapyrlara bermedim.
Üç ýerde ýaralandym.
Gara başym muňaldy, ýalňyz galdym, günäm şumudyr — diýdi.
Çopan aýdar:
— Goňur atyň bergil maňa,
Altmyş tutam naýzaňy bergil maňa,
Ap-alaja galkanyňy bergil maňa,
Gara polat uz gylyjyň bergil maňa,
Sagdagyňda segsen okuň bergil maňa,
Ak tozluja gaty ýaýyň bergil maňa,
Kapyra men baraýyn,
Ýaňydan dogaýyn, öldüreýin,
Ýeňim-le alnym ganyn men sylaýyn,
Ölürsem, seniň ugruňda men öleýin.
Allatagala gorasa öýüňi men gutaraýyn — diýdi.
Çopan beýle diýgeç,
Gazana gahar geldi, aldy ýöriberdi.
Çopan dahy Gazanyň ardyndan ýetdi. Gazan döndi, bakdy: — Ogul çopan, kanda gider sen? — diýdi. Çopan aýdar: — Agam Gazan, sen öýüň almaga gidersiň, men dahy garyndaşym ganyn almaga giderem — diýdi. Beýle diýgeç, Gazan aýdar: — Ogul çopan, garnym açdyr. Bir zadyň barmydyr iýmäge? — diýdi. Çopan aýdar: — Beli, agam Gazan, gijeden bir guzy bişirip duraram. Gel, bu agaç düýbünde ineli, iýeli — diýdi. Indiler. Çopan tagarjygy çykardy. Iýdiler. Gazan pikir eýledi. Aýdar: «Eger çopan bile barajak bolursam, galyň oguz begleri meniň başyma utanç kakarlar, çopan ile bolmasa, Gazan kapyry almazdy diýrler» diýdi. Gazana gaýrat geldi, çopany bir agaja sara-sara mäkäm baglady. Aýlandy ýöriberdi. Çopana aýdar: — Mere, çopan, garnyň ajykmakan, gözüň gararmakan, bu agajy goparagör. Ýogsa seni munda gurtlar, guşlar iýer diýdi. Garajyk çopan zarp eýledi. Gaba agajy ýeri bile ýurdy bile gopardy, arkasyna aldy. Gazanyň ardyna düşdi. Gazan bakdy, gördi. Çopan agajy arkasyna almyş geler. Gazan aýdar: — Mere, çopan bu agaç ne agaçdyr? Çopan aýdar: — Agam Gazan, bu agaç ol agaçdyr, kim, sen kapyry basar sen, garnyň ajygar, men saňa bu agaç-le nahar bişirerin — diýdi. Gazana bu söz hoş geldi. Atyndan indi, çopanyň ellerin çözdi, alnyndan bir öpdi. Aýdar: — Alla meniň öýümi gutarjak bolur-sa, seni baş seýis ederin —diýdi. Ikisi bile ýola girdi. Bu ýanda Şökli Mälik kapyrlar bile şin-şadman, iýip-içip oturardy. Aýdar: — Begler, bilirmisiz Gazana nije haýp eýlemek gerek?! Boýy uzyn Burla hatynyny getirip sagrak sürdürmek gerek — diýdi. Boýy uzyn Burla muny eşitdi. Ýüregi bile janyna otlar düşdi. Kyrk inçe billi gyzyň içine girdi, öwüt berdi. Aýdar: — Haýsyňyza ýapyşarlar-sa, «Gazan hatyny haýsyňyzdyr?» diýip, kyrk ýerden owaz beresiz - diýdi. Şökli Mälikden adam geldi: «Gazan begiň hatyny haýsyňyzdyr?» diýdi. Kyrk ýerden owaz geldi.
Haýsydyr bilmediler. Kapyra habar berdiler: «Birine ýapyşdyk, kyrk ýerden owaz geldi, bilmedik haýsysydyr» diýdiler. Kapyr aýdar:
— Mere, baryň Gazanyň ogly Orazy tartyň, gaňyrçakda asyň, gyýma-gyýma ak etinden çekiň, gara gowurma bişirip, kyrk beg gyzyna eltiň. Her kim iýdi, ol degil, her kim iýmedi oldur. Alyň-geliň, sagrak sürsün-diýdi. Boýy uzyn Burla hatyn oglunyň ýanyna geldi. Çagyryp ogluna söýlär. Görelim hanym, ne soýlar. Aýdar:  
Ogul - ogul, aý ogul!
Bilirmi sen näler boldy?
Söýleşdiler pyşyr-pyşyr,
Kapyryň pyglyn duýdum,
Tüýnügi altyn ban öýümiň gabzasy ogul,
Gaza meňzär gyzymyň-gelnimiň güli ogul,
Ogul-ogul aý ogul,
Dokuz aýdar garnymda göterdigim ogul,
On aý diýende dünýä getirdigim ogul,
Gundagy sallançakda bildigim ogul,
Kapyrlar ters danyşmyşlar.
Gazan ogly Orazy kapasadan çykaryň.
Bogazyndan urgan bile asyň.
Dalysyndan gaňyrçaga sanjyň.
Gyýma-gyýma ak etinden çekiň, gara gowurma edip, kyrk beg gyzyna eltiň.
Her kim iýdi, ol degil, her kim iýmedi ol Gazan hatynydyr.
Çekiň, düşegimize getireliň, sagrak sürdüreliň diýmişler.
Seniň etiňden, ogul-a iýeýinmi, ýogsa başga dinli kapyryň düşegine gireýinmi?
Agaň Gazanyň namysyny syndyraýynmy? Nädeýin, ogul heý? — diýdi.
Oraz aýdar:
— Agzyň gurasyn ene,
Diliň çüýresin ene,
Ene haky, Taňry haky bolmasady,
Galkybany ýerimden turaýdym,
Ýakaň-le bogazyňdan tutaýdym,
Gaba ökjäm astyna salaýdym,
Ak ýüzüňi gara ýere depeýdim,
Agzyň-le burnyňdan gan şorladaýdym,
Jan datlysyn saňa görkezeýdim.
Bu ne sözdür, sakyn, kadyn ene,
Meniň ýanyma gelme sen,
Meniň üçin aglama sen.
Goý meni, kadyn ene, gaňyrçaga ursunlar,
Goý etimden çeksinler, gara gowurma etsinler,
Kyrk beg gyzynyň öňüne eltsinler,
Olar bir iýdiginde, sen iki iýgil,
Seni kapyrlar bilmesinler, duýmasynlar,
Tä kim, özge dinli kapyryň düşegine barmaýa sen,
Sagragyn sürmeýe sen.
Atam Gazan namysyny syndyrma sen, sakyn!— diýdi.
Oglan beýle diýgeç, buldur-buldur gözüniň ýaşy rowan boldy. Boýy uzyn, bili inçe Burla hatyn boýny-le gulagyn aldy. Düşdi. Güýz almasy kibi al ýaňagyn tartdy, ýyrtdy. Gargy kibi gara saçyny ýoldy. «Ogul-ogul» diýibän zarlyk kyldy. Aglady.   Oraz aýdar:
— Kadyn ene! Garşym alyp ne bögir sen,
Ne bozlar sen, ne aglar sen?
Bagrym bile ýüregim ne daglar sen?
Geçmiş meniň günümi ne aňladar sen?
Heý ene!
Araby atlar bolan ýerde
Bir guluny bolmazmy olar?
Gyzyl düýeler bolan ýerde,
Bir köşegi bolmazmy olar?
Akja goýunlar bolan ýerde,
Bir guzujygy bolmazmy olar,
Sen sag bol, kadyn ene,
Babam sag bolsun!
Bir meniň kibi ogul bulunmazmy olar? — diýdi.
Beýle diýgeç, enesiniň karary galmady, ýöriberdi. Kyrk inçe billi gyzyň içine girdi. Kapyrlar Orazy alyp çatynyň düýbüne getirdiler.
Oraz aýdar:
— Mere, kapyr, aman!
Taňrynyň birligine ýokdur güman.
Goýuň meni, bu agaç bile söýleşeýim - diýdi.
Çagyryp, agaja soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş:
Agaça-Agaç diýrsem saňa, arlanma, agaç,
Mekge ile Medinäniň gapysy, agaç,
Musa kelimiň hasasy, agaç,
Beýik-beýik suwlaryň köprüsi, agaç,
Gara-gara deňizleriň gämisi, agaç,
Şahymerdan Alynyň Düldüliniň eýeri, agaç,
Zülpükaryň gyn bile gabzasy, agaç,
Şa Hasan-le Hüseýiniň sallançagy, agaç,
Eger ärdir, eger aýaldyr, gorkusy, agaç,
Başyň ala bakar bolsam, başsyz, agaç,
Düýbüň ala bakar bolsam, düýpsüz, agaç,
Meni saňa asarlar, götermegil, agaç,
Göterjek bolar sen ýigitligim seni tutsun, agaç,
Biziň ilde gerek idiň, agaç.
Gara hindi gullaryma buýraýdym,
Seni para-para dograrlardy, agaç.
Ondan soň aýtdy:
Teble-teble baglananda, atyma ýazyk,
Gardaş diýip saklaýanda ýoldaşyma ýazyk, Ýumrugynda talmynanda şahyn guşuma ýazyk,
Ýeter ile tutanda tazyma ýazyk
Beglikden doýmadym, özüme ýazyk
Ýigitlige usanmadan, janyma ýazyk — diýdi.
Ýumry-ýumry aglady.
Ýanyk jigerjigini daglady.
Bu mahalda, soltanym,
Salyr Gazan bilen Garajyk çopan çapar ýetdi.
Çopanyň üç ýaşar göle derisinden sapanynyň aýasydy. Üç geçi tüýünden sapanynyň gollarydy. Bir geçi tüýünden çyrpysydy. Her atanda on iki batman daş atardy. Atdygy daş ýere düşmezdi, ýere dahy düşse, toz kibi sowrulardy, ojak kibi oburylardy, üç ýyla dek daşy düşdügi ýeriň oty bitmezdi. Semiz goýun, arryk tokly baýyrda galsa, gurt gelip iýmezdi, sapanyň gorkusyndan. Eýle bolsa, soltanym, Garajyk çopan sapan çatlatdy, dünýä - älemi kapyryň gözüne garaňky boldy. Gazan aýdar: — Garajyk çopan, enemi kapyrdan diläýin, at aýagy astynda galmasyn - diýdi. At aýagy ýüwrük, ozan dili çäwik bolar, Gazan kapyry çagyryp soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar:
— Mere, Şökli Mälik, Tüýnügi altyn ban öýlerimi getirip durur sen,
Saňa kölge bolsun, Agyr hazynam, bol akjam getirip durur sen, Saňa harçlyk bolsun. Kyrk inçe billi gyz-le Burla hatyny getirip durur sen, Saňa ýesir bolsun. Kyrk ýigit bilen oglum Orazy getirip durur sen,
Guluň bolsun.
Teble-teble şabaz atlarym getirip durur sen,
Saňa münüt bolsun.
Hatar-hatar düýelerimi getirip durur sen,
Saňa ýüklet bolsun.
Garryjyk enem getirip durur sen,
Mere, kapyr, enemi bergil maňa.
Söweşmezden, uruşmazdan gaýdaýyn,
Yza döneýin, gideýin, belli bilgil — diýdi.   Kapyr aýdar:
— Mere, Gazan, Tüýnügi altyn ban öýüňi getirdik, biziňdir.
Kyrk inçe billi gyz bile boýy uzyn Burla hatyny getirdik, biziňdir,
Kyrk ýigit bilen ogluň Orazy getirdik, biziňdir,
Teble-teble şabaz atlaram,
Hatar-hatar düýelerem getirdik, biziňdir.
Garryjyk eneňi getirdik, biziňdir,
Saňa bermeris,
Ýaýhan keşiş ogluna bereris,
Ýaýhan keşiş oglundan ogly dogar,
Biz ony saňa duşman ederis — diýdiler.  

Beýle diýgeç, Garajyk çopanyň gahary geldi, dodaklary tebsiredi.   Çopan aýdar:
— Mere, dini ýok, akylsyz kapyr,
Huşy ýok, derneksiz kapyr,
Garşy ýatan garly gara daglar,
Garryýypdyr, oty bitmez.
Ganly-ganly derýalar guryýypdyr, dury suwy gelmez,
Şabaz-şabaz atlar garryýypdyr, gulun bermez,
Gyzyl-gyzyl düýeler garryýypdyr, köşek bermez,
Mere, kapyr, Gazanyň enesi garryýypdyr, ogul bermez,
Dölün almakdan sapaň barse,
Şökli Mälik, Gara gözli gyzyň bar-se, getir,
Gazana ber, Mere, kapyr, seniň gyzyňdan ogly dogsun,
Siz ony Gazan bege duşman edersiz — diýdi. Bu mahalda galyň oguz begleri ýetdi. Hanym, görelim kimler ýetdi. Garadere agzynda (kadyr beren), gara buga derisinden sallançagynyň ýapygy bolan, gahary tutanda gara daşy kül eýleýen, murtun ýeňsesinde ýedi ýerde düwen, erenler ewreni, Gazan begiň gardaşy Gara Güne çapar ýetdi.
— Çal gylyjyň, gardaş Gazan, ýetdim! — diýdi.
Munuň ardynja göreliň kimler ýetdi. Demirgapy Derwendindäki demirgapyny depip alan, altmyş tutam ala naýzasynyň ujunda är bögürden Gyýan Seljuk ogly Däli Dondar çapar ýetdi: — Çal gylyjyň, agam Gazan, ýetdim! — diýdi. Munuň ardynja hanym, göreliň kimler ýetdi. Hamyt-len Merdin galasyn depip ýykan, demir ýaýly Gypjak Mälige gan gusduran, gelibän Gazanyň gyzyn ärlik-le alan, oguzyň ak sakgally gojalary görende ol ýigidi täsinleýen, al mahmuzy jalbarly, aty bahry gotazly, Gara Güne ogly Gara Pudak çapar ýetdi. — Çal gylyjyň, agam Gazan, ýetdim! — diýdi. Munuň ardynja görelim hanym, kimler ýetdi. Destursyzja Baýyndyr hanyň ýagysyn basan, altmyş müň kapyra gan gusduran, ak boz atynyň ýalynyň üstünde gar durduran Gaflat goja ogly Şirşemseddin çapar ýetdi: — Çal gylyjyň, agam Gazan, ýetdim! — diýdi. Munuň ardynja görelim hanym, kimler ýetdi. Parasaryň Baýburt galasyndan parlap uçan, ap-alja çadyryna garşy gelen, ýedi gyzyň umydy, galyň oguz isleglisi, Gazan begiň geňeşdary Boz aýgyrly Beýrek çapar ýetdi: — Çal gylyjyň, agam Gazan, ýetdim! — diýdi. Munuň ardynja hanym görelim, kimler ýetdi. Çaýa (baksa) çalymly, çal gara guş erdemli, gur-gurma guşakly, gulagy altyn ysyrgaly, galyň oguz beglerini bir-bir atyndan ýykyjy Kazylyk goja ogly beg Ýegenek çapar ýetdi: — Çal gylyjyň, agam Gazan, ýetdim - diýdi. Munuň ardynja görelim hanym, kimler ýetdi. Altmyş erkeç derisinden possun eýlese, topuklaryn örtmeýen, alty öweç derisinden telpek etse gulaklaryny örtmeýen, goly-budy her ança uzyn, baldyrlary inçe, Gazan begiň daýysy at agyzly Oraz goja çapar ýetdi: — Çal gylyjyň, begim Gazan, ýetdim! — diýdi. Munuň ardynja görelim hanym, kimler ýetdi. Baryban pygamberiň ýüzüni gören, gelibäni oguzda sahabasy bolan, gahary tutanda murtlaryndan gan çykan, murty ganly Bükdüz Emen çapar ýetdi: — Çal gylyjyň, agam Gazan, ýetdim! — diýdi. Munuň ardynja göreliň, kimler ýetdi. Kapyrlary it ardyna taşlap horlaýan, ilden çykyp Aýgyrgözli suwundan at ýüzdüren, elli ýedi galanyň kilidin alan, Akmelek Çeşme gyzyna nika eden, Sopy Sandal Mälige gan gusduran, kyrk don bürenip, otuz ýedi gala beginiň mahbup gyzlaryny çalyp, bir-bir boýnun guçan, ýüzünden, dodagyndan öpen Eýlik goja ogly Alp Eren çapar ýetdi: — Çal gylyjyň, agam Gazan, ýetdim! — diýdi. Sanamak-le oguz begleri tükense bolmaz. Hemmesi ýetdiler. Dury suwdan ab-dest aldylar. Ak alynlaryn ýere goýdular, iki rekagat namaz kyldylar. Ady görkli Muhammede salawat getirdiler. Dessine, kapyra at saldylar, gylyç çaldylar. Gümmür-gümmür nagaralar dögüldi. Burmasy altyn bürünç surnaýlar çalyndy. Ol gün jigerinde bolan är ýigitler bildirdi. Ol gün muhannesler sapa ýer gözetdi. Ol gün bir kyýamat söweş boldy, meýdan doly baş boldy. Başlar kesildi top kibi. Şabaz-şabaz atlar ýügürdi, naly düşdi. Ala-ala naýzalar sünjüldi. Gara polat uz gylyçlar çalyndy, ýüzi gaýtdy.
Üç ýelekli gaýyn oklar atyldy, demri düşdi, kyýamatyň bir güni ol gün boldy. Beg nökerinden, nöker beginden aýryldy. Daşoguz begleri ile Däli Dondar sagdan depdi. Çalasyn ýigitler-le Gara Güne ogly Däli Pudak soldan depdi. Içoguz begleri-le Gazan düýbe depdi. Şökli Mälige howala boldy. Şökli Mäligi bögürdibäni atdan ýere saldy. Gapyllyja gara başyn alyp kesdi. Gagşadyban alja ganyn ýer ýüzüne dökdi. Sag tarapdan Gara Tüken Mälige Gyýan Seljuk ogly Däli Dondar garşy geldi, sag ýanyny gylyçlady, ýere saldy. Sol tarapdan Bugajyk Mälige Gara Güne ogly Däli Pudak garşy geldi, alty perli gürzi ile depesine gaty tuta urdy. Dünýä-älem gözüne garaňky boldy. At boýnun gujaklady, ýere düşdi. Gazan begiň gardaşy kapyryň tugy-le sanjagyny gylyçlady, ýere saldy. Derelerde, depelerde kapyra gyrgyn girdi. Läşine garga üýşdi. On iki müň kapyr gylyçdan geçdi. Bäş ýüz oguz ýigitleri şehit boldy. Gaçanyny Gazan beg kowmady, aman diýeni öldürmedi. Galyň oguz begleri doýum boldy. Gazan beg ordasyny, oglanyny-uşagyny, hazynasyny aldy, yza döndi. Altyn tagtynda ýene öýüni dikdi. Garajyk çopany başseýis eýledi. Ýedi gün, ýedi gije iýme-içme boldy. Kyrk baş gul, kyrk gyrnak ogly Oraz başyna azat eýledi. Çalasyn goç ýigitlere galaba ülke berdi. Jalbar, jüpbe-jyga berdi. Dädem Gorkut gelibän boý boýlady, soý soýlady. Bu «Oguznamany» düzdi, goşdy.   Beýle diýdi: Hany, diýdigim beg erenler,
Dünýä meniň diýenler,
Ajal aldy, ýer gizledi,
Pany dünýä kime galdy?
Gelimli-gidimli dünýä
Ahyr, soň ujy ölümli dünýä,
Ýom bereýin hanym:
Garly gara daglaryň ýykylmasyn,
Kölegelije gaba agajyň kesilmesin,
Dolup akan görkli suwuň guramasyn,
Kadyr Taňry seni namarda mätäç etmesin, Çaparkan ak boz atyň büdremesin,
Çalyşanda gara polat uz gylyjyň gädilmesin,
Dürtişerken ala gönderiň döwülmesin,
Ak sakgally babaň ýeri uçmah bolsun,
Ak pürçekli eneň ýeri behişt bolsun,
Ahyr soňy ary imandan aýyrmasyn,
Ämin diýenler didar görsün,
Ak alnyňda bäş keleme doga kyldyk, kabul bolsun,
Alla beren umydyň üzülmesin,
Ýygyşdyrsyn, düýrüşdirsin günäleriňizi ady görkli Muhammet Mustapa ýüzi soýyna bagyşlasyn,
Hanym heý!

GORKUT ATA DESSANYNDAN

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir