"Wysala ýetmedik söýgi ýa-da ajy aýralyk.."

Her bir täze görüşen ynsanyñ bilen başlanan söhbetdeşligiñ we duýadansyz gelen duýgulara sebäp bolýan sözleriñ hem ilki başyny başlaýan söz "Salam" bolsa gerek. Söýgi bilen iki ynsany ysnyşdyran yşka sebäp bolýan söz başam şol bolýan eken. Durmuşdan hiç zat tamakin bolman ýaşap ýören bir güniñde salam berip biri geler garşyña. Elbetde senem salam berip, salamany alarsyñ. Emma şol pursat onuñ bilen ortañyzdaky gözel we gorkuly bolmalsy eýýamlardan täleýiñe ýazylan duýgular başlanandygy hakynda seniñ oýuñada gelmeýär. Dagy nirden biljek bir gün tötänden duşyp, tötänden tanyşan ynsanyñ seniñ kalbyñda çuññyr ýer aljagyny. Edil birnäçe gün öñ hatda tanamaýan ýolda yzda gabatlaşaýsañam aññarlyp seretmekden başga pişe etmejek adamyñ bu gün seniñ ömür boýy gözläp ýören ynsanyñ bolup garşyñda janlanýar. Howwa size hem duýgularñyza päsgel berip biljek ýüzläp kilometirler we kese duran birnäçe durmuşy sebäpler bolmagy mümkin, "Bolanda näme?" diýip ilki ol zatlara ünis bermeýäñ sebäbi sen eýýam oña aşyk bolduñ. Bu gün onsuz durmuşuñy göz öñüñe getiripde bileñok. Nähili geñ ýagdaý edil dogulalyñ bäri dem alýan howañy ýakynda tanap oña aşyk bolan ýaly. Emma ortada şeýlebir gapma-garşylyklar bolup biler welin wysala ýetmek mümkinçiligi sende diýerli galmaz. Onsoñ takdyra ten bermekden başka çäre ýoklugyny hem düşünersiñ. Bile bolup bilmejegiñi bilseñde söýersiñ, edil bir gün ölejegiñi bilseñde her gün ýaşaýşyñ yaly. Hakyt gözleriñ bilen gözleriniñ içine siñip duýgularyñy aýan edip bilmejegiñi bilseñde söýýäñ, edil ummanda gark boljagyñy bilseñde kenara umyt edip ýüzişiñ ýaly. Hat-da keşbi jemalyny görüp bilmejegini bileseñde söýýäñ, edil howany görüp bilmeseñde ondan dem alşyñ ýaly. Dogry başda duýgularñy seljerjegem bolýañ "Bu-da öñkiler ýaly ötegçi duýgulardyr" diýip, garaşybam görýäñ "Belki unudaryn" diýip, işiñe gümra bolýañ "Belki oýlamaryn" diýip, uklabam görýäñ "Belki oýanaryn" diýip, dynymsyz televizor tomaşa edibem görýäñ "Belki ýene ýaşap bilerin" diýip. Emma ýok bolmaz, bar eden tamalaryñ ödelmez ähli eden hereketlerin biderek bolar ýatsañam tursañam kalbyñda diñe şol. Duýgularña erk edip bilmän aglasyñ geler. Bukunyp agalarsyñ "Belki köşeşerin" diýip, emma şol wagt kim dir biri üstiñe geler. Sen aglanyñy bilindirmejek bolup göziñi owklarsyñ "Wah gözüme gum girdi" diýip. Hany şol hakykat bolsa ýüregiñden we gözleriñden paýra-paýra akan ajy ýaşlara başyña düşen aýralyk dälde bir sukym gum sebäp bolaýsa.
Agşam ukydan oýanyp gidýäñ welin sagat 03:30 bolupdyr. Derdiñi unudyp uklamak üçin iýen dermanyñ güýji bary ýogy iki ýarym sagada ýetende ýene derdiñ oýananlygyny duýýañ. Ondan soñ bolsa ýene-de dertleriñ duýgularyñ bilen birlikde ähli bedeniñe öz agrysyny ýetirip başlar. Hamala belent dagdan aşak gaçyp daşlara lençlenip ýere düşen ýaly ne özüñi duýýañ ne-de barlygy. Ölüm bilen ýaşaýşyñ ortasynda galyp jan bilen çekeleşýän hassa ýaly. Ähli dertlerini ýazyp ýeñledesi gelýän emma ýazmaga mydarsyz özüni igleýän şahyr ýaly...
Onuñ bilen bir gün ýaşamak ýa-da onsuz bütin ömür zaman ahyra çenli ýaşamak mümkinçiligini teklip etseler, hiç ikilenmän bir gün bolsahem onuñ bilen ýaşamagy saýlarsyñ. "Samsyklyk, eger bütin ömür ýaşamak mümkinçiligi bolsa, näçe gözelleri görersiñ isledigiñçe bagtly bolarsyñ" diýmegiñiz mümmkin. Emma aşyk bolan ynsan üçin öz ýarynyñ barlygy jennet ýoklugy bolsa dowzah. Bütin ömür dowzahda ýaşanyndan birje günem bolsa jennetde ýaşany gowydyr aşyk üçin.
Bir gün garaşylmadyk pursatda gelen mähirli söýgi pasly hem ahyrlar hemem aýazly gyş ýaly iniñi titredýän aýralyk pasly geler. Hamala tanyşañda hijem aýrylmajak hatda aýrylmaga sebäp hem bolmajak ýaly bolup duýlanam bolsa bir gün sebäbem tapylar aýralygam. Şol günem hemişeki günler ýaly gün öz wagtynda dogar hemme zat öz ugrunda adatylykdan başga hiç hili üýtgeşiklik ýok ýaly. Emma şol gün düýbünden adaty günler ýaly däldigini başgalar duýmasada sen bütün bedeniñ bilen añarsyñ sebäbi birnäçe ýyllar dowamynda agyrsy yza berip durjak ýüregiñi ýerinden oýnadyp ondan ýüzläp damarjyklar ýolunan ýaly ýara galdyrjak wagşyýana aýralyk edil şol gün, şol pursatda bolar. Iki bedende ýaşaýan bir ýürek bölüner kime köpräk paý düşer kime-de azyrak. Ýöne şol pursatda hem olar hakyt aşyklardyr günä goýmaz bir birinde hemme zatda durmuşy aýyplarlar. Olar hakyt aşyklardyr soñky demde hem meni unutma diýmez seni unutmaryn diýerler. Olar hakyt aşyklardyr biziñki söýgi dälde bir birege öwrenişmek eken diýip aýralygyñ ajysyny ýeñletjek bolarlar. Olar hakyt aşyklardyr duýgulary nepis, söýgüleri çäksiz bir birine bolan mähirleri bolsa serhetsizdir. Olar hakyt aşyklardyr söýer, ynanar, duýgularny bagş eder emma öwezine hiç zat tamakin bolmazlar. Olar hakyt aşyklardyr aýralygy hem başlary dik halda garşy alyp, sen bir bagtly bolsañ bolýa diýerler...
Aýralygyñ yzgyryny seniñ bütin bedeniñi gaplansoñ kellañde bir sorag aýlanar "Indi nädip ýaşarkam?" hamala öñ ýaşap ýörmedik ýaly. Öziñi şeýlebir ýalñyz we gereksiz duýarsyñ. Gündizlerne ýeñ bermän çydan duýgularyñ gijelerne eýgertmez saña derýañ hanasyndan çykýan tolkun ýaly kalbyñy lerzana getirer. Oýlamazlyga ymtylyp ýene-de oýlarsyñ, oýlaryñ bolsa ýüregiñe tyg ýaly sanjylar. Çydap bilmen, döz gelmen diýersiñ emma gutylybam bilmersiñ dertleriñ baryny ýekänme ýekän bagryñdan geçirersiñ. Aýralygyñ ajysyny çekmän ondan gutylyp bilmersiñ. Ökünersiñ, oýlanarsyñ ep-esli wagtdan soñ belki unudarsyñ. Ýok, ýok ýalñyş düşinme "Unudarsyñ" diýip söýgüñi aýtmadym. Söýgüñi zaman ahyra çenli unudyp bilmersiñ, aýralykdan soñky awuly ýarlaram bitmez emma azajyk ýadyñdan çykyşar şolary unudarsyñ. Özũñe näme bolanyny, näme arzuwlaryñ barlygyny, näme üçin ýaşap ýöreniñi, näme edeniñi we näme etjegi, umuman bütin barlygy unudarsyñ. Eger sen gark bolman ýaşamagy başarsañ...

mrokas
11.09.2020

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir