Microsoft kompaniýasy resmi taýdan "Windows 10-y" goldamagynyň gutarýan senesini yglan etdi
Microsoft 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Windows 10 operasion ulgamy (OS) üçin goldawy bes etjekdigini habar berdi. Bu diýildigi Windows 10 OS-ly kompýuterleriň mundan beýläk Microsoft-dan howpsuzlyk täzelenmelerini we tehniki goldawy almajakdygyny aňladýar.
Kompaniýa Windows 10-a goldawyň gutarjakdygy barada ulanyjylara uzak wagtdan bäri...
Bugatti Chiron 55 1 of 1-iň öz görnüşinde ýeke-täk nusgasyny hödürledi
"Bugatti Sur Mesure" topary eksklýuziw giperkar bolan Chiron 55 1 of 1-iň çykyşyny bildiriş etdi. Awtoulag 1931-nji ýylda Žan Bugatti tarapyndan döredilen, rowaýata öwrülen Type 55 Super Sport modeliniň ommažy hasaplanýar diýip, IXBT ýazýar.
Chiron 55 1 of 1 Type 55 Super Sport-yň gara-sary reňk gammasyny, şeýle hem onuň özboluşlylygyny görk...
IFixit Samsung bilen hyzmatdaşlygy bes edýär: koreý enjamlaryny bejermek kynlaşar
Elektronikany bejermek boýunça jikme-jik görkezmeleri bilen tanalýan iFixit kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda Samsung bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini habar berdi diýip, IXBT ýazýar.
Bu karar Samsung enjamlaryny abatlamagy ýönekeýleşdirmeklige gönükdirilen Samsung Repair Hub programmasynyň üstünde iki ýyl işlenenden soň kabul edildi. iF...
BMW täze işgär aldy: SpOTTO robot-iti hereketlendirijileriň ýygnalyşyna gözegçilik edýär
BMW awtoulag konserni Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan döredilen SpOTTO robot itini özüniň Beýik Britaniýadaky Hems-Hall zawodynda ornaşdyrdy.
IXBT-iň habar bermegine görä, robot iki sany Ottonyň adyny göterýär - BMW-ni esaslandyryjylaryň biri Gustaw Otto we onuň ogly, dört basgançakly içinden ýandyrylýan hereketlendirijini oýlap tapyj...
Innopolisde sürüjisiz elektrobus işe girizildi, ýöne ol sagatda 10 km tizlik bilen hereket edýär
Tatarystan Respublikasynyň Innopolis şäherinde sürüjisiz elektrobus synagdan geçirilip başlandy. Ol Innopolis uniwersiteti bilen Innoparkyň aralygynda 3 km ýol boýunça hereket edip, Popowa adyndaky tehnopark duralgasynda säginer. Elektrobus uniwersitetiň işgärlerini we talyplaryny gatnadar diýip, TASS habar berýär.
Elektrobus 10 adamy sygdyr...
Planşetden noutbuga öwrülmek üçin bir ädim: Lenovo ulaldylýan displeýli planşet taýýarlaýar
Lenovo kompaniýasy geljek ýyl özboluşly çekilip ulaldylýan displeýi bolan planşeti çykarmagy meýilleşdirýär. Gurluşyň Samsung-dan 17 dýuýma çenli giňeldilip bilinjek 13 dýuým ekran bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar diýip, Sammobile habar berýär.
Bu innowasion displeý tehnologiýasy ilkinji gezek 2022-nji ýylda Samsung tarapyndan hödürlendi...
Apple taryhda iň inçe iPhone-yň peýdasyna iPhone Plus-dan ýüz öwrüp biler
Apple kompaniýanyň taryhynda iň inçe smartfon boljak täze iPhone-ny çykarmaga taýynlanýar. iPhone 17 Slim diýlip atlandyrylýan bu modeliň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda iPhone 17 bilen birlikde hödürlenmegine garaşylýar diýip, habarly çeşmelere salgylanýan The Information neşiri ýazýar.
Şol bir wagtyň özünde kompaniýa, iPhone 14 Plus-yň we 1...
Dünýäde ilkinji wodorod ýahtasy bolan 119 metrlik äpet Project 821 suwa goýberildi
Niderlandlaryň Feadship gämi abatlaýyş kärhanasy dünýädäki ilkinji wodorod ýahtasy bolan Project 821-i ulanyşa girizdi. Bu Niderlandlarda gurlan iň uly ýahtadyr diýip, “Haýtek” ýazýar.
Project 821-iň uzynlygy 119 metr, ini - 19 metr. Bu ýahtanyň esasy aýratynlygy – onuň iň ýeňil himiki element bolan wodorodda işleýän elektrik stansiýasynyň b...
Salwadorda wulkanyň kömegi bilen 31,8 million dollarlyk bitkoin gazanyldy
Bitkoini kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul eden ilkinji ýurt bolan Salwador wulkanlarynyň ýaşyl energiýasyny kriptowalýuta gazanmak üçin ulanýar. Üç ýylyň dowamynda ýurt 474 bitkoin gazandy, bu bolsa 31,8 million dollara barabardyr diýip, Interesting Engineering-e salgylanýan “Haýtek” ýazýar.
Bitkoin gazanmak üçin Tekapa stratowulkanynda...
“Döwüp bilseň, döw”: iň ýönekeý parollar belli edildi
Kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler 3,4 mln dört belgili PIN-kodlary seljerip, iň köp ýaýran we netijede, iň gowşak parollaryň sanawyny düzdüler.
“New York Post” neşiriniň belleýşi ýaly, antireýtingiň liderleri şular boldy: 1234; 1111; 0000; 1212; 7777; 1004; 2000; 4444; 2222; 6969.
Hünärmenler şeýle ýönekeý sazlaşmalaryň ulanylmagyny...
Kia elektrik ulaglarynyň satuwy bir ýylda iki esse artdy
Kia elektrik ulaglarynyň satuwy bir ýylda iki esse artdy. 2024-nji ýylyň aprelinde Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi 17 140 elektrik ulagyny satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 90% köp. Kia-nyň umumy satuwynda elektrik ulaglarynyň paýy 7%-e ýetdi diýip, ITHome habar berýär.
Satuwyň umumy ösüşine garamazdan, Kia...
Microsoft korporasiýasy iň çalt we intellektual Windows PK – Copilot+PC-ny hödürledi
Microsoft korporasiýasy emeli aňa gönükdirilen Windows-ly personal kompýuterleriniň täze kategoriýasyny hödürledi. Copilot+PC adyny alan täze gurluşlar häzire çenli döredilen iň çalt we intellektual Windows PK hökmünde häsiýetlendirilýär.
Copilot+PC emeli aň ýumuşlarynda 40 TOPS-a çenli öndürijiligi bolan kuwwatly prosessorlar bilen enjamlaş...
Sürüjisiz, rulsuz we pedalsyz taksiler Hytaýda eýýäm şu ýyl peýda bolar
Hytaýyň Baidu tehnologiýa kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Uhanda rulsuz we pedalsyz Apollo RT6 sürüjisiz taksilerini işe girizmek meýilnamasyny yglan etdi. CarNewsChina-nyň habar bermegine görä, taksini ses buýruklary arkaly ulanyp bolýar.
Sürüjisiz taksileriň sany, takmynan 1000 ulag bolar, diýlip garaşylýar.
Baidu Apollo RT...
Redmi Note 13R elýeter smartfony hödürlendi
Xiaomi kompaniýasy täze Redmi Note 13R modeli bilen Redmi Note hatarynyň üstüni ýetirdi, eýýämden onuň geçginli we meşhur boljakdygyny aýdýarlar. Smartfonyň bölek satuwy Hytaýda eýýäm başlandy diýip, ITHome ýazýar.
Redmi Note 13R 2460 x 1080 piksel durulykda 6,79 dýuýmlyk IPS ekrany aldy, onuň iň ýokary ýagtylygy 550 nit we täzeleniş tizligi...
Täze Volkswagen Golf GTI-niň bahasy 44,5 müň ýewro bolar
Volkswagen täze Golf GTI üçin sargyt açdy. 2024-nji ýylyň modeli 26 at güýji öndürýän 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisini aldy, bu öňküsinden 20 at güýji köpdür. 100 km/sag-a çenli tizligi artdyrmak 5,9 sekunt wagt alýar diýip auto.ru habar berýär.
Esasy GTI 17 dýuýmlyk tekerleri, sport oturgyçlaryny, 12,9 dýuýmlyk ekranly media ulgamyny...
Haýsysy köp? Samsung, Apple we Xiaomi-niň 10 ýylda näçe smartfon satandygy belli boldy
Altindex agentliginiň analitikleri International Data Corporation-yň (IDC) maglumatlaryna salgylanyp 10 ýylyň dowamynda satylan smartfonlaryň sany boýunça smartfon bazarynda öňdebaryjy bellendi.
10 ýylyň dowamynda, ýagny 2014-nji ýyldan bäri öňdebaryjy ýeri Samsung tutdy. Kompaniýa bütin dünýäde 2,937 milliard smartfon satdy. Ondan soňky ýer...
Toyota Camry 2024 Honda Accord Hybrid we 3,5-lyk Camry bilen dreg-ýaryşda bäsleşdi
Throttle House YouTube ýaýlymynda gibrid kuwwatly täze Toyota Camry 2024-iň Honda Accord Hybrid we öňki nesil Camry TRD V6-nyň bäsleşýän dreg-ýaryşynyň wideosyny çap etdi diýip, IXBT ýazýar.
Ilkinji ýaryşda gibrid Camry 2024 (232 at güýji, 1655 kg) Honda Accord Gibrid-i (204 at güýji, 1606 kg) badalgada hem, hereket wagty hem öňe yzda galdy...
PlayStation 5-iň satuwy Xbox Series-den bäş esse ýokary: ara barha açylýar
Sony kompaniýasy oýun konsoly bazarynda PlayStation 5-iň ornuny berkitmegi dowam etdirýär. Geçen çärýekde PS5-iň satuwy Xbox Series X bilen S-iň bilelikdäki satuwyndan bäş esse ýokarydy. Ýagny, satylan her 1 sany Xbox konsolyna satylan 5 sany PlayStation 5 düşýär diýip, IXBT habar berýär.
Umuman alanyňda, Sony 2020-nji ýylyň noýabr aýynda PS...
Werstappen 0,7 sekuntlyk aratapawut bilen Italiýada Formula-1 Gran-Pri-sini gazanmagy başardy
Red Bull-yň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen Imolada (Emiliýa-Romanýa, Italiýa) “Formula 1” tapgyrynda ýeňiji boldy. Pellehana ikinji bolup gelen Lando Norris (McLaren) ondan 0,7 sekunt yza galdy.
Ilkinji üçlügi Şarl Lekler (Ferrari) ýapdy.
Werstappen bu möwsümdäki ýedi ýaryşyň bäşisinde ýeňiş gazandy.
Imoladaky ilkinji onl...
Düýbünden täze Hyundai Santa Fe-niň çykmagyna garaşylýar
Hyundai kompaniýasy Hytaý bazarynda peýda boljak täze Hyundai Santa Fe-niň ilkinji suratlaryny hödürledi. Krossoweriň ilkinji gezek resmi görkezilişi 30-njy awgustda Çendu awtoulag sergisinde geçer diýip, IXBT ýazýar.
Täze Santa Fe, esasan, ABŞ we Ýewropa wersiýalaryna meňzeş bolar, ýöne birnäçe üýtgeşik aýratynlyklary alar. Awtoulagyň goşa...