The Elec habar çeşmesiniň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda hödürlenen inçe Samsung Galaxy S25 Edge ýönekeý bir synag däl. Samsung Edge modelini geljekki Galaxy S26 hataryna-da goşmagy meýilleşdirýär we ol Galaxy S26 Plus modelini çalşyp biler. Çünki, Plus wersiýalar, adatça, beýlekilerden gowşak satylýar. Kompaniýany zerur şaýlar bilen üpjün edijileriň maglumatlaryna görä, Samsung ýakynda NPA kod ady bilen Galaxy S26-ny işläp taýýarlamak taslamasyny işe girizdi (deňeşdirmek üçin, S25 hatary PA ýa-da Paradigm diýlip atlandyryldy). Taslama häzirlikçe irki tapgyrda we Samsung tiz wagtdan esasy hem ätiýaçlykdaky üpjün edijileri saýlar. 2025-nji ýylda Samsung 37,7 mln Galaxy S25 smartfonyny ýola goýmagy meýilleşdirýär, olardan Plus modeliniň paýyna bary-ýogy 6,7 mln, adaty wersiýa – 13,6 mln, Ultra modeline bolsa 17,4 mln smartfon düşýär. Galaxy S25 Edge smartfonynyň bazar üstünligi onuň geljekki ykbalyny kesgitlär: eger S25 Edge garaşylan netijäni bermese, kompaniýa Plus modelini S26 hataryna gaýtaryp biler. 2020-nji ýyldan bäri premium modellere bolan isleg artýar. Ultra modelleri Galaxy S satuwynyň 40%-den gowragyny, iPhone-yň Pro modelleri bolsa Apple-iň satuwynyň 60%-den gowragyny üpjün edýär. Apple hem iPhone 17 hatarynda Plus modelini has inçe wersiýa bilen çalyşmagy meýilleşdirýär.