Kantar analitiki kompaniýasy her ýylky BrandZ reýtingini hödürledi. Dünýäniň iň gymmat brendleriniň arasynda birinji orny Apple saklap galdy. Onuň bahasy 28% ýokarlanyp, 1,3 trln dollara ýetdi. Bu ilkinji 100-lüge girýän ähli kompaniýalaryň umumy bahasynyň 12%-den gowragydyr. Brendiň güýji üç ölçeg boýunça kesgitlenýär: ähmiýeti, özboluşlylygy we tanaýjylygy (Meaningful, Different and Salient). Kantar hut şu häsiýetleriň durnuksyz ykdysadyýete we ýokary bäsdeşlige garamazdan Apple-e öňdebaryjylygy saklamaga kömek edýändigini belleýär. Hasabat emeli aň bilen bagly brendleriň hem ösüşini görkezýär. Mysal üçin, Nvidia brendiň bahasy bir ýylda 152% ýokarlanandan soň, bäşinji orny eýeledi. OpenAI-den ChatGPT bolsa sanawa ilkinji gezek girip, 43,5 mlrd dollar baha bilen 60-njy orunda ýerleşdi. Kantar-yň maglumatlaryna görä, emeli aň marketingde, önüm taýýarlamakda we media strategiýalarynda çemeleşmeleri işjeň üýtgedýär. EA tehnologiýasyny netijeli ulanýan kompaniýalaryň arasynda Coca-Cola, Reckitt we PepsiCo bellenýär. Olar mahabatlary adaptirlemek, täze önümleri döretmek we işewürlik amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin neýroulgamdan peýdalanýar. BrandZ reýtingi eýýäm 20 ýyl bäri düzülýär. Onda kompaniýalaryň hem maliýe görkezijileri, hem brendiň sarp edijiler tarapyndan kabul edilişi göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýylda top-100 brendiň jemi bahasy 29% ýokarlandy we bu kesgitsizlik döwründen soň bazaryň dikelip başlandygyny görkezýär.