NASA-nyň inženerlerine 20 ýyldan gowrak wagt ozal öçürilen we häzire çenli düzedip bolmaýan hasaplanan “Woýajer-1” zondunyň ugrukdyryjy hereketlendirijileriniň işini dikeltmek başartdy. 2002-nji ýylda gyzdyryjylaryň öçürilmegi sebäpli olaryň işinde bökdençlik ýüze çykdy diýlip hasaplanypdy. Şol wagt bu alada döretmedi, çünki ätiýaçlykdaky hereketlendirijiler kadaly işläp durdy. Ýöne 2025-nji ýyla çenli resurslar gutardy diýen ýaly. Bu ýagdaý 2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan “Woýajere” buýruk ibermäge ukyply bolan Awstraliýadaky ýeke-täk DSS-43 antennasynyň abatlaýyş üçin wagtlaýyn togtadylmaly boljakdygy bilen kynlaşdy. “Woýajer-1” Ýerden, takmynan, 25 mlrd km uzaklykda ýerleşýär. Oňa iberilýän buýruklar bir günüň dowamynda ýetýär we jogap almak üçin hem şonça wagt gerek bolýar. Ýalňyşlyklary çalt düzetmek mümkin däl. Hut şonuň üçin inženerler öň öçürilen hereketlendirijileriň ýagdaýyny barlamak kararyna geldi. Hereketlendirijiler işledilmezden ozal ýangyjyň akmagyny üpjün etmek üçin gyzdyryjylary işjeňleşdirmeli boldy. Eger gyzdyryjylar işlemedik bolsa, zond ugruny ýitirip bilerdi, bu hem hereketlendirijileriň ýangyjyň akmagyna garaşmazdan awtomatik işlemegine, netijede zeper ýetmek töwekgelçiligine getirerdi. NASA töwekgelçilik etdi we ähli zat asuda geçdi: buýruk iberilenden bir günden soň zond jogap berdi. Temperatura ýokarlandy, ýangyç gyzyp ýetişdi we hereketlendirijiler işläp başlady. Şeýlelikde, “Woýajer-1” işe ukyply hereketlendirijileri we missiýany ýene birnäçe ýyl dowam etdirmek mümkinçiligini aldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir