Käbir ulanyjylar Google gözleg hyzmatynyň baş sahypasynda «AI Mode» atly emeli aň botunyň peýda bolandygyny aýtdylar. X we Threads ýaly sosial torlarda peýda bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda Google dürli görnüşlerde emeli aň gözlegine başlamak üçin, düwmäniň ýerleşişini synagdan geçirýär. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär. Ulanyjylaryň ýazmagyna görä, käbir ýagdaýlarda «AI Mode» düwmesi göni gözleg setiriniň içinde ýerleşýär, käbir ýagdaýlarda bolsa ol gözleg setiriniň aşagyndaky «Altyn aşygym alçy gop!» (I’m Feeling Lucky) düwmesiniň ýerine geçýär. Täze düwmäniň görnüşi hem beýlekilerden birneme üýtgeşigräk: kursory onuň üstüne getireniňde, dürli reňkli çarçuwa peýda bolýar. Google-yň wekili Eşli Tomson «AI Mode» gözleginiň häzirki wagtda diňe Google Labs-yň ulanyjylary üçin elýeterlidigini aýtdy. «Biz köplenç adamlaryň peýdaly funksiýalarymyza giriş mümkinçiligini üpjün etmegiň dürli usullaryny synagdan geçirýäris. Bu şular ýaly köp synaglaryň diňe biridir» — diýip, ol aýtdy. «Altyn aşygym alçy gop!» düwmesiniň «AI Mode» bile çalşyryljakdygy barada entek resmi tassyklama ýok. Bu üýtgeşme, ähtimal, bu düwmä öwrenişen ulanyjylary gynandyryp biler. Belki-de, Google bu üýtgeşmäni göz öňünde tutup, emeli aň bilen işleýän gözlegiň has täsirli we döwrebapdygyny görkezmek isleýändir.