Hytaýyň Honor kompaniýasy tizer çykaryp, onda özüniň eplenýän Magic V3 smartfonyny ýaňy-ýakynda anons edilen Samsung Galaxy S25 Edge bilen deňeşdirdi. Magic V3-üň ýogynlygy açylan ýagdaýynda 4,35 mm, Samsung Galaxy S25 Edge – 5,8 mm barabar. Tizeriň ýazgysynda Honor şeýle sorag bilen ýüzlenýär: “Eger oňuşmaly boljak bolsa, inçe bolmak nämä gerek?”. Şeýle diýmek bilen, ol smartfonyň inçeligini gazanmak üçin, Samsung-yň akkumulýatoryň kuwwatlylygyndan geçmeli bolandygyny ýaňzytdy. Samsung Galaxy S25 Edge-i öz hatarynda iň inçe smartfon hökmünde görkezýär. Ýöne şeýle inçe korpusy almak üçin, kompaniýa akkumulýator sygymyny bary-ýogy 3900 mA/sag etmeli boldy. Bu onuň beýleki smartfonlaryndan ep-esli azdyr. Şeýle-de, Gurluş 200 Mp kamera, Snapdragon 8 Elite çipseti, 120 Gs ýygylykly 6,7 dýuýmlyk AMOLED displeýi, 12 GB operatiw ýat we 256 ýa-da 512 GB saklaýjy bilen enjamlaşdyryldy. Smartfon Google Gemini bilen emeli aň funksiýasyny goldaýar. Honor smartfony bolsa inçeligine garamazdan, has kuwwatly 5150 mA/sag batareýasy bilen enjamlaşdyryldy. Kompaniýa smartfon dünýäsinde “inçe” formanyň “aç” akkumulýator bolmalydygyny aňlatmaly däldigine ünsi çekýär. Galaxy S25 Edge – klassyky, Magic V3 bolsa eplenýän smartfondygyna garamazdan, Honor olaryň ýogynlygyny deňeşdirmegi öz gurluşynyň artykmaçlygyny görkezmek üçin marketing göçümi hökmünde ulanýar.