Google soňky tanyşdyrylyşynda Android 16-nyň takyk çykaryljak senesini mälim etmedi, emma Android ekoulgamynyň ýolbaşçysy Samir Samat onuň haçan ýaýradylyp başlanjakdygy bilen bagly käbir maglumatlary berdi. Gyzykly tarapy, ol diňe bir Pixel hatary üçin däl, eýsem beýleki öndürijileriň enjamlary üçin hem möhlet aýtdy diýip, «Android Police» habar berýär. Samir Samatyň sözlerine görä, Pixel ulanyjylary indiki aýdan başlap täzelenmelere gözegçilik etmeli. Ozal Android 16-nyň 3-nji iýunda çykjakdygy barada gürrüňler bardy, bu hem aýdylan wagt bilen gabat gelýär. Elbetde, ýalňyşlyklar ýüze çyksa, Android 16-nyň çykarylyşy yza süýşürilip bilner. Google-yň wekili şeýle hem Samsung enjamlarynyň Android 16 täzelenmesini tomusda aljakdygyny aýtdy. Şeýle-de bellärlikli zat, Samsung entek Android 16-nyň beta wersiýasyny hem çykarmady we hatda enjamlaryny Android 15-e täzelemek prosesini hem doly tamamlamady, ol birnäçe gezek yza süýşürildi. Honor, OnePlus, OPPO, Motorola, realme, vivo, Xiaomi we beýleki brendleriň smartfonlaryny ulanýanlar bolsa, täzelenmäni tomsuň ahyrynda ýa-da güýzde alar.